Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16655644f5f41e.jpeg
1 ýyl ozal
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

166556ba273f2c.jpeg
1 ýyl ozal
Ýaponiýada 6G ulgamynda maglumatlary 100 Gbit/с tizlik bilen geçirdiler

Ýaponiýadaky kompaniýalar topary altynjy nesil öýjükli aragatnaşyk ulgamlary üçin dünýäde ilkinji ýokary tizlikli sim geçirijisiz ulgamyň synagyny amala aşyrdy.

16654219fd9a24.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we Gazagystan energetika we ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi.

166541d17c0c1d.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabatda GDA-nyň halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we ösdürmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy

Ýakynýda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA agza ýurtlaryň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we infrastrukturany işjeňleşdirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy.

166541bb04e294.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okuw-usulyýet geňeşiniň meşjlisi boldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okuw-usulyýet geňeşiniň meşjlisi geçirildi. Bu geňeş Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär mekdepleriniň başlangyjy boýunça döredildi.

166541f10b33a4.jpeg
1 ýyl ozal
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergide «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mümkinçilikleri hödürlendi

Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisi geçirildi.

16654162081aed.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen kompaniýasy “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny hödürleýär

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin uly göwrümli taslama hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

166541405c8fad.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlary birnäçe resminamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde anna güni GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilip, onuň dowamynda birnäçe resminamalar kabul edildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

166541a227659e.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilçäý «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergisine gatnaşdy.

1665410f89b6ad.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we Gyrgyzystan özara ýük ibermek işini giňeltmegiň wajypdygyny bellediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiniň Dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Akylbek Žaparow özara ýük ibermek işini mundan beýläk-de artdyrmagyň we giňeltmegiň wajypdygyny belledi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.