Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Demirýolçy» çagalar sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýetip geldi. Biz gözel Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 2024-nji ýylyň tomusky dynç alyş möwsümini açmak babatda ýola goýlan taýýarlyk işleriniň netijesi dogrusynda gyzyklanyp, dynç alyş merkeziniň direktory Parahat Sapargulyýew bilen gürrüňdeş bolduk. Ol bu barada şeýle gürrüň berdi:
«Türkmenhowaýollary» agentligi «Сargolux» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Ýakynda Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň «Cargolux» kompaniýasynyň wise-prezidenti Maksim Ştraus bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginin arasynda duşuşyk geçirildi.
Harytlaryň Eýrandan geçmegi 56% ýokarlandy
«IRICA» ýekşenbe güni Eýranyň senenama ýylynyň ilkinji iki aýynda (20-nji mart — 20-nji maý) 3,6 million tonnadan gowrak harydyň Eýranyň üsti bilen daşalandygyny habar berdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56,5% köpdür.
BSGG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy gämileriň sanitariýa barlagyny geçirmek boýunça okuw geçirdi
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy BSGG-niň Ýewropa sebit býurosy bilen bilelikde gämileriň sanitariýa barlagyny geçirmek we gämi sanitariýa şahadatnamalaryny bermek boýunça okuw sapagyny gurady.
Aragatnaşykçy ýaşlaryň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek we kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň ýaş hünärmenleriniň arasynda «Öz hünäriniň ussady» atly bäsleşik geçirildi.
“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çig mal, materiallary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-040 belgili açyk halkara tender yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentligi bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy Aşgabat şäheriniň halkara howa menziliniň demirgazyk böleginde ýerleşýän tokaý zolagynyň, Aşgabat şäherindäki 10 ýyl Abadançlyk köçesiniň günorta we demirgazyk böleginde ýerleşýän tokaý zolagynyň we Aşgabat şäheriniň Gökdere aýlaw köçesiniň ugrundaky bag nahallaryna ideg etmek üçin tender yglan edýär
Startaplaryň bäsleşigi: innowasion telekeçiligiň baýramçylygy!
Tehniki ösüş biziň durmuşymyzy amatly edýär, dürli innowasiýalary döredýän höwesjeňler toparlary-startaplar bolsa tehniki ösüşiň möhüm hereketlendirijileri bolup durýar.
Ulaglar arkaly türkmen-gazak söwda dolanyşygy 100 million dollardan geçdi
2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada düýn Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahanda suw ulaglary boýunça guralan konferensiýada çykyş etdi
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekiliýeti Astrahan sebitinde Hazar ylym-bilim kongresiniň çäginde guralan «Suw ulaglarynyň meselelerini çözmegiň häzirki zaman çözgütleri» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.