Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy
Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi.

«Demirýollary» AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýükleriň daşalyşyny, importyny we eksportyny ösdürmek, şeýle hem üstaşyr wagonlaryň Türkmenistanyň çäginden çalt geçirilmegini üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barýar. Şu maksat bilen «Demirýollary» AGPJ tarapyndan häzirki wagtda ulag we logistika pudagynda goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanyň saglyk we sanly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
Gyrgyzystanda iş saparynda bolýan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti Gyrgyzystanyň saglyk we sanly ösüş ministriniň orunbasary Bakyt Jangaziýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Saglyk we sanly ösüş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

«Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasy ýurdumyzyň gämi gurluşyk bazaryna goşular
2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri bilen «Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasynyň Gazagystandaky direktory we söwda işleri boýunça dolandyryjysynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder
«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder. Bu barada tehnologiýa ägirdiniň wekilleri Barselonada geçirilýän ykjam tehnologiýalar kongresinde (MWC) aýtdylar. Bu barada «Euronews» habar berýär.

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi
Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda iş saparynda bolýar. Şu gün owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Aşgabatda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça bäştaraplaýyn duşuşyk geçiriler
Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri Gyrgyzystanyň Sanly ösüş ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleriniň Gyrgyzystana bolan saparynyň çäklerinde ýurduň Sanly ösüş ministrliginiň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

Özbegistan we Litwa awtoulagda ýük daşamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Golaýda Halkara ýük daşamak işi boýunça bilelikdäki özbek-litwa komissiýasynyň maslahatynyň geçirilendigini «Trend» habar berýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.