Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
ÝUNISEF we «Türkmenhowaýollary» çagalaryň awiasiýa gyzyklanmasyny artdyrmak üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrýarlar
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ÝUNISEF-iň we «Türkmenhowaýollarynyň» guramagynda çagalaryň awiasiýa pudagy bilen tanyşlygy guraldy. «Döwletliler köşgünde» bilim alýan ýetginjekler awiasiýa pudagy we bu özüne çekiji ugurda dürli hünärler bilen tanyşdylar. Bu başlangyç ÝUNISEF-iň Bilim ministrligi bilen çagalary STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) hünärleri bilen tanyşdyrmak üçin alyp barýan hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir.
e.gov.tm portalynda Türkmenistanyň raýatlary üçin peýdaly bolan zerur maglumatlar bar
Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly raýatlara dürli resminamalary düzetmek we kepilnamalary almak üçin zerur bolan mümkinçiligi hödürleýär.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «C», «D» hem-de «E» derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjileri işe çagyrýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň özi halkymyza ygtybarly ulag hyzmatlaryny hödürlemekde diýseň möhüm ähmiýete eýedir.
Олег Кононенко стал первым в истории, кто провёл в космосе 1000 суток
5 июня 2024 года общее время пребывания в орбитальных полетах российского космонавта Олега Кононенко достигло 1 тысячи суток. Это новый рекорд в истории пилотируемой космонавтики. В настоящее время Кононенко находится на Международной космической станции (МКС) и совершает свой пятый полет в космос.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy maslahatyna gatnaşdylar
4-nji iýunda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy maslahatyna gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksady — halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, ähli ulgamlara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
Halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk gecirildi
Ýakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşdylar.
Türkmen telekeçileri “Hytaý ‒ Ýewraziýa” halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen telekeçileri 2024-nji ýylyň 26‒31-nji iýuny aralygynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý ‒ Ýewraziýa” atly 8-nji halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi çarşenbe güni habar berdi.
«Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy» awtomobil ýoly döwrebaplaşdyryldy
Özbegistan «Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy» awtomobil ýolunyň öz çägindäki bölegini döwrebaplaşdyrdy. Has takygy, dört zolakdan ybarat bu ýol asfalt beton bilen örtüldi. Munuň özi onuň 20 ýyllap ýokary derejede saklanmagyna şert döreder. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurduň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş mejlisine salgylanyp, «Uzdaily» habar berýär.
«Kerwen» dynç alşa çagyrýar
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp dynç alyş we sagaldyş merkezleri öz işlerini ýokary derejede gurap, dynç almaga gelýänleri uly ruhubelentlik bilen garşy alýar. Şonuň üçin hem gojaman Hazaryň merjen kenarynda dynç almaga höwes edýänleriň sany ýylba-ýyldan artýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.