Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1645341a00fe0f.jpeg
1 ýyl ozal
Ýurdumyzda giň möçberli pudaklaýyn maslahat hem-de sergi geçirilýär

3-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

16451eac7adc9c.jpeg
1 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara gutlagy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady

16451f4113e93d.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy

Gazagystanyň Almata şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) demir ýol we multimodal ýük daşamalarda sanly özgertmeler, şeýle-de Demirgazyk we Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglarda ýük gatnawlaryny ösdürmek boýunça Bilermenler toparynyň ikinji ýygnagy geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen ýygnaga türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

16450b36615077.jpeg
1 ýyl ozal
«Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar ýurdumyza geldiler

Ýäňy-ýakynda «Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar «Farapawtoýollary» gümrük nokady arkaly ýurdumyza geldiler. Olar güler ýüz bilen garşy alyndy.

16450b0093ebdc.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda 32,34% ýokarlandy

Eýranyň Türkmenistan bilen söwdasy (çig nebit eksportyndan başga) häzirki Eýranyň senenamasynyň geçen maliýe ýylynda (2022-nji ýylyň 21-nji martyndan 2023-nji ýylyň 20-nji martyna çenli) geçen 2021-2022-nji ýyllar bilen deňeşdirilende 32,34 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Financial Tribune” agentligi geçen hepdäniň çarşenbe güni habar berdi.

164525d5f560ee.jpeg
1 ýyl ozal
ÝAŞ HÜNÄRMEN ÜSTÜNLIKLI ÝOLLARDA

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikler, giň şertler döredilýär. Bu bolsa öz işini ussatlarça alyp barýan ukyp-başarnykly, giň dünýägaraýyşly türkmen ýaşlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Her bir adamyň üstünlige ýetmeginiň arkasynda bir syry bardyr, Watana il-gününe bolan ynamy, söýgüsi, ýadawsyz çekýän zähmeti, maşgalasyna bolan mähri çäksiz bolmaly.

164509cc9825a7.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabat ulag ulgamy boýunça halkara foruma we sergä taýýarlanýar

Aşgabatda 3-4-nji maýda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk görülýär.

1644f466d3d146.png
1 ýyl ozal
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hünärmenleri azerbaýjanly we gyrgyzystanly kärdeşleri bilen ýük dolanyşygynyň artyşyny ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri awtoulag boýunça Bilelikdäki komissiýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde özleriniň azerbaýjanly kärdeşleri bilen ýük daşamalaryň artmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

1644f45f458ee1.png
1 ýyl ozal
Türkmenistan Aziýada ulag ulgamyny özgertmek boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri Demirgazyk we Merkezi Aziýada demir ýollaryň we multimodal daşamalaryň sanly transformasiýasy boýunça bilermenleriň Ikinji maslahatyna gatnaşdylar, onuň barşynda taraplar howpsuz, durnukly we elýeterli ulag daşamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çäre Almatada, Gazagystanda geçdi.

1644f41326c484.jpeg
1 ýyl ozal
«Dostluk kerweni» awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistanda boldular

«Dostluk kerweni» ady bilen geçirilýän halkara awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistana gelip gördüler. Bu barada «МИР 24» teleýaýlymy habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.