Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Haýraton – Mazari-Şerif özbek-owgan halkara demir ýolunyň durky täzelener
Özbegistanda demir ýollary ulgamynyň operatory «Uzbekiston temir ýullari» Owganystandaky Haýraton – Mazari-Şerif demir ýolunyň durkuny täzelemäge girişdi diýip, döwlet kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

«Demirýollary» AGPJ halkara ugurlary boýunça ýükleme we düşürme hyzmatlaryny hödürleýär
«Demirýollary» AGPJ-niň 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük howlulary halkara ulaglar boýunça ýurdumyzdan geçýän gatnawlardaky import, eksport hem-de üstaşyr ýükleri ýükleme we düşürme işlerini amala aşyryp, öz hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 24-nji maýda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Aragatnaşyk pudagynyň gelin-gyzlary «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşiginiň (Gran pri) Baş baýragyna eýe boldy
26-njy fewralda, paýtagtymyzyň «Ak altyn» toý mekanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşik geçirildi.

“Demirýollary” AGPJ bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aşakdaky lotlar boýunça №DÝ/AGPJ-039 belgili açyk tender yglan edýär:

Sues kanalyndan tranzit ýük gatnawy 42% azaldy
Sues kanaly arkaly ýük tranziti 2023-nji ýylyň maý aýyndaky iň ýokary derejesi bilen deňeşdirilende, häzir 42% azaldy. 2021-nji ýylyň dekabryndaky bilen deňeşdirilende, Panama kanaly boýunça bu görkeziji 49 göterim kemeldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň hasabatynda bellenilýär.

Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda bäsleşik başlandy
26-njy fewralda ir bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli «Hünärim bar — hormatym bar» diýen at bilen guralan gelin-gyzlaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry başlandy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw mümkinçilikleri täze ýörite enjamlar bilen üpjün ediler
Ýakynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) durmuşa geçirilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi ýöriteleşdirilen okuw we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny aldy.

Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň gün tertibi Aşgabatda HHR-nyň ýörite wekili bilen ara alnyp maslahatlaşyldy
Golaýda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ýük daşamagy yzarlamak boýunça tertipler tassyklandy
Ýakynda geçirilen Ýewraziýanyň Ykdysady komitetiniň Geňeşiniň mejlisinde ýük daşamagy yzarlamak boýunça nawigasiýa möhürlerini ulanmak bilen baglanyşykly Tertipleriň ikisi tassyklandy. Ýewraziýanyň Ykdysady komitetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, munuň özi degişli mehanizmi işe girizmek üçin zerur resminamalaryň iň soňkusydyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.