Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
165d2ec9af3c07.jpeg
1 ýyl ozal
“Lebapawtoulag” ýanwar aýynda 226 müň tonnadan gowrak ýük daşady

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň sürüjileri ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýanwar aýynda kärhananyň sürüjileri ýükleriň 226 müň tonnadan gowragyny daşap, meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär.

165d2e7bd0ffc4.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollarynyň» uçary Jidda ilkinji göni uçuşyny amala aşyrdy

16-njy fewralda Saud Arabystanynyň Jidda şäherindäki Patyşa Abdulaziz adyndaky halkara howa menziline Aşgabatdan «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçary täze açylan howa gatnaw ugry boýunça ilkinji göni uçuşyny amala aşyrdy. Uçar bilen 279 ýolagçy Jidda bardy. Bu barada agentlik habar berýär.

165d2e5f75ef71.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan Durnukly ulag baglanyşygynyň dünýä kartasyny döretmegi teklip edýär

Türkmenistan ulag we logistika pudagyna halkara gatnaşygyna ýardam etmek bilen, Durnukly ulag baglanyşygynyň dünýä kartasyny döretmegi teklip etdi. Aşgabadyň bu başlangyjyny, wise-premýer we daşary işler ministri R.Meredow ýakynda Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde yglan etdi.

165d2e2327e0f2.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollary» agentligi ýanwar aýynda hyzmatlarynyň mukdaryny 62,8 göterim artdyrdy

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň birinji aýynda hyzmatlaryň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 62,8 göterim artdyrdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi diýip, TDH ýazýar.

165d2e04b1db2d.jpeg
1 ýyl ozal
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasaty we diplomatiýasy

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

165d03f08a08dd.jpeg
1 ýyl ozal
«Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň ösüşiniň täze maksatlary» webinary: seljerme we geljegiň mümkinçilikleri

Ýäkynda «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça Halkara Utgaşdyryjy geňeşi (TÝHUG) tarapyndan «Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň ösüşiniň täze maksatlary» atly webinar guraldy.

165d03cad01b31.jpeg
1 ýyl ozal
USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetinde sanly innowasiýalary ilerledýär

16-njy fewralda Aşgabatda Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we 15 sany jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky dördünji raýat forumy geçirildi.

165d03bb133d33.jpeg
1 ýyl ozal
Owganystan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýar

Owganystan Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldaýar diýip, ýurduň hökümetiniň metbugat sekretary Zabihulla Mujahid belledi. Bu barada Owganystanyň “TOLOnews” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

165d03953999b7.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistan halkara ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky ornuny barha berkitmek bilen Ýewraziýanyň esasy logistika merkezine öwrülmegi maksat edinýär. Ýurtda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmek babatda uly işler alyp barýar.

165d0384a1a898.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Malaýziýa göni uçuşlary ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň (Malaýziýa) arasynda täze uçuş hyzmatyny açdy. Bu barada HHM habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.