Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz agentirleme işleri boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody deňiz gämi gatnaw pudagynda müşderileriň dürli isleglerini kanagatlandyrmak üçin Deňiz agentirleme işleri boýunça hyzmatlary hödürleýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.
"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň wekilleri döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda gyrgyz tejribelerini öwrendiler
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň arasynda Türkmenistanda pudagara elektron özara gatnaşyklaryň synag ulgamyny ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda tejribeleri öwrenmek maksady bilen 26-njy fewral - 1-nji mart aralygynda agentligiň wekilleriniň Gyrgyzystana sapary guraldy.
“Demirýollary” AGPJ bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti duýduryş (signalizasiýa)-merkezleşdirilen blokirleme ulgamyny, şeýle hem telemehanikany ýola goýmak üçin enjamlary we abzallary satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-025 belgili açyk halkara tender yglan edýär:
Garaşsyz döwletimizde geçen iki aýda ulag we aragatnaşykda 6,6 göterim ösüş gazanyldy
1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygy güýçlendiriler
1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Sebitara we içerki awtomobil ýollaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek möhümdir» diýip nygtady we wise-premýer B.Annamämmedowa degişli tabşyryklary berdi. Bu barada TDH ýazýar.
«Zenan kalby – zemin görki» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi
1-nji martda paýtagtymyzyň «Gül zaman» toý mekanynda Ulag-kommunikasiýa pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.
Türkmen wekiliýeti Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça seminara gatnaşdy
27-28-nji fewralda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Tbilisi şäherinde geçirilen Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Aragatnaşykçy talyplar zenan dünýäsiniň gözelligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresine gatnaşdylar
Ýurdumyzda eli çeper ene-mamalarymyzyň we gelin-gyzlarymyzyň zehin-paýhasyndan kemala gelen halkymyzyň medeni mirasyny we milli gymmatlyklaryny wagyz etmekde uly işler alnyp barylýar.
El hünäriniň amaly-haşam bäsleşigi
2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň we “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň bilelikde gurnamagynda “Çarlak” myhmanhanasynda “El hünäri il gezer” ady bilen türkmen milli el işleriniň amaly-haşam sungaty boýunça bäsleşigi geçirildi.
Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy
Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.