Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy paromy Türkmenistana geldi
Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy paromy «Zarifa Aliýewa» Türkmenistana geldi. Gämi Türkmenbaşy Halkara portuna bolan ilkinji ýüzüşinde 16 agyrulag we 20 sany ýük tirkegini getirdi. Bu ugur häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Geljekde gämi günde bir gezek gatnaw eder. Bu barada «Mir24.tv» ýazýar.
THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy
“Türk Howaýollary” (THY) awiakompaniýasy Stambulda garaşylýan ýaramaz howa şertleri sebäpli 5-6-njy fewralda jemi 238 reýsiň, şol sanda Türkmenistana uçuşynyň ýatyrylandygyny habar berdi.
HALAL KÄRINDEN KEMAL TAPAN
Islendik ynsan nämedir bir zatlaryň arzuwynda ýaşaýar. Halkymyzda «Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz» diýilen pähim bar. Her bir adam ýaşlykda bir käri arzuw edýär. Islendik arzuwa ýetmek üçin irmän-ýadaman, tutanýerlilik görkezip, zähmet çekip, maksada okgunlylyk bilen çemeleşmeli. Her bir adam yhlas etse, öz arzuwyna ýetip, söýgüli kärine eýe bolýar.
Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyna eksporty 2,8 esse artdy
2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy ozalky ýylyň degişli döwründäkiden 2,6 esse ýokarlanyp, 79,6 million dollara deň boldy. Bu barada «Trend» habarlar agentligi Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp habar berýär.
Daşoguz welaýatynyň ulag infrastrukturasy depginli kämilleşýär
Geçen ýylda Daşoguz welaýatynda amala aşyrylan ýolagçy we ýük gatnawlarynyň mukdary görnetin ýokarlandy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende sebitde dürli ulaglar bilen iki milliondan gowrak ýolagçy gatnadyldy. Harytlaryň daşalmagy bir million alty ýüz müň tonna artdy.
“Türkmen hemrasy” ÝGPJ audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2023-nji ýylda audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär
Lebap welaýatynda 163 milliondan gowrak ýolagçy gatnadyldy
2022-nji ýylyň dowamynda Lebap welaýaty boýunça dürli maksatly ýükleriň 100 million 742,5 müň tonnasy daşaldy. Bu bolsa öňki ýyldakydan 3 göterim köpdür. Geçen ýylda gündogar sebiti boýunça ýolagçylaryň 163 million 228,5 müňüsi gatnadyldy. Netijede, ýolagçylaryň gatnadylyşy 2021-nji ýyldakydan ep-esli artdy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm web-saýty habar berýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara we ýerli uçuşlaryň täze rejenamasyny çap etdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçuşlaryň täze rejenamasyny mälim etdi, oňa laýyklykda 1-nji fewraldan başlap ähli halkara uçuşlar Aşgabadyň Halkara howa menzilinden amala aşyrylar.
Hindistandan ugradylan ýük Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystana eltiler
Hindistanda öndürilen künjiniň uly möçberi konteýnerlerde Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýollary arkaly Gazagystanyň Almaty şäherine eltiler. Konteýner ýükleri Hindistanyň Mundra deňiz portundan Arap deňzi arkaly Eýranyň günortasyndaky Bender-Abbas deňiz portuna ugradyldy. Bu barada Gazagystanyň demir ýol edarasy habar berýär.
Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagy ösüş ýolunda
Ýagşy niýetler, uly arzuw umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly atly ajaýyp şygary ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.