Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16532085de196b.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan Niderlandlaryň gämi abatlaýyş kärhanasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

Ýakynda Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary bilen «Damen Shipyards Gorinchem B.V.» kompaniýasynyň (Niderlandlar) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

1653206a7b0367.jpeg
1 ýyl ozal
Gahryman Arkadagymyz syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy.

165320c1180a97.jpeg
1 ýyl ozal
Bagta ýetiren menziller

​​​​​​​Haçan-da maňa «Ömrüň manysy näme?» — diýip sowal berseler, men bu sowala edep-terbiýäni özüňe siňdirip, kemally nesli dowam etdirmek, ýagşy işleriň bilen köpe ýaramak, gowulykda yz galdyrmak diýerdim. Islendik ynsan arzuw bilen ýaşaýar. «Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz» diýlip ýöne ýerden aýdylmandyr. Arzuw bilen bu durmuşyň many-mazmuny has baýlaşýar.

16530c119ecf36.jpeg
1 ýyl ozal
Koreýanyň Ulag instituty Türkmenistandaky demir ýol taslamalaryna gatnaşmaga çagyryldy

“Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri Koreýanyň Ulag institutynyň (KOTI) ylmy barlagçylaryny Türkmenistanda durmuşa geçirilýän demir ýol taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy. Koreý tarapy bu ugurdaky işlere gyzyklanmalaryny beýan etdi.

16530bd89bc0db.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan Hazar, Baltika, Gara deňizlerine çykýan ulag ulgamynyň döredilmegine gatnaşýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki “Bir guşak, bir ýol” Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatynda häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag we logistika düzüminiň köp şahaly ulgamyny döredýändigini aýtdy.

16530b649d343a.jpeg
1 ýyl ozal
Hytaý-Gazagystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe-Ýewropa ugruny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag ministrlikleriniň we demirýol pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen konferensiýa gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda “Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa” halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekmekligi tizleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň çarşenbe güni habar berdi.

16530b39434604.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda zyýaratçylar üçin Aşgabat —Köneürgenç ugry boýunça ýörite otly işe giriziler

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň demirgazygyndaky Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasyna barýan zyýaratçylar üçin ýörite otlyny işe girizer. Bu barada «Demirýollarynyň» resmi web sahypasynda habar berildi.

1652f65bf2a483.jpeg
1 ýyl ozal
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

16-njy oktýabrda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew awtoulag serişdelerini öndürýän «Shaanxi Heavy Duty Automobile Import & Export co., LTD» we «Yutong Bus Co., Ltd.» hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

1652f629dd2aa2.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen wekiliýeti «Digital Bridge 2023» halkara forumynyň dowamynda gazak kompaniýalary bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde ýokary derejeli «Digital Bridge 2023» atly halkara forumyna gatnaşdy. Bu forum dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 20 000-den gowrak ygtyýarly wekili bir ýere jemledi.

1652e1252929f9.jpeg
1 ýyl ozal
Merkezi Aziýa ýurtlary Eýranyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygy taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň ulag we demir ýol pudagynyň wekilleri özleriniň gazagystanly, özbegistanly, eýranly we türkiýeli kärdeşleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikler geçirdiler. Onda Eýranyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.