Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula we yzyna gaýdyş ugurlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy
«Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula we yzyna gaýdyş gatnawlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy diýip, «Atavatan Türkmenistan» habar berýär. Petekler indi onlaýn satyn alnanda 351 dollar. Türkmenbaşydan (KRW) Stambula (IST) hepdede iki gezek — sişenbe we penşenbe günleri uçuşlar bar.
Aragatnaşyk ulgamynyň ýaşlary hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň sowgatlaryna mynasyp boldular
28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa guramanyň Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň öňdebaryjy hünärmenleri, talyp ýaşlary we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi: 42 müň adam sürüjilik okuwlaryny geçdi
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi we onuň welaýatlardaky şahamçalary soňky bir ýylyň dowamynda 42 müňden gowrak adama sürüjilik okuwlaryny geçdi.
“Türkmendeňizderýaýollary” we “Dragon Oil” kompaniýasy özara hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Google Translate» indi türkmen dilini oflaýn ýagdaýda hem goldaýar
«Google» iOS we Android operasiýa ulgamlary bolan enjamlar üçin niýetlenen «Google Translate» programmasyny kämilleşdirmegi dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa türkmen we ýene 32 täze diliň oflaýn terjimesini goldaýan mümkinçilik bilen ulanyjylaryny begendirdi.
“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy: Biletlerde ýene arzaladyş
Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan ugurly uçuşlarda biletleriň bahasynda ýene arzalandyş etdi. Kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna gelip gowşan täze maglumata görä, “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugurly uçuşlarynda biletleriň bahalaryny arzanlady.
Domodedowo howa menzili «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherine uçuşlarynyň tertibini mälim etdi
Domodedowo halkara howa menzili resmi web sahypasynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherine uçuşlarynyň tertibini çap etdi. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda başlar.
Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýjy kärhanasy döwrebaplaşdyrylar
Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýyş zawody bolan Gyzylarbat şäheriniň demir ýol wagonlaryny abatlaýjy zawody döwrebaplaşdyrylar. Öz taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýan bu zawod Türkmenistanyň taryhynda demir ýol tehnikalaryny abatlamaga ýöriteleşen ilkinji wagon abatlaýyş zawody hasaplanýar.
Türkmenistanly internet-ulanyjylar üçin ykjam programmalaryň sanawy
Aşakdaky sanawda getirilen ykjam programmalar Türkmenistanda internet ulanyjylar üçin ýörite işlenip düzülendir we köpdürli dükanlaryň, marketleriň, döwlet edaralarynyň hyzmatlaryndan baş çykarmaga, onlaýn bilim almaga hem-de peýdaly maglumat toplamaga ýardam etjek has zerur we meşhur bolan ykjam programmany saýlap almaga kömek eder.
«Uzawto motors» Türkmenistandan üstaşyr ýük ugratdy
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly «Uzawto motors» kompaniýasynyň (Özbegistan) ýüzden gowrak 40 futluk konteýnerlere ýerleşdirilen ýüklerini «Azermaş» (Azerbaýjan) kompaniýasyna ugratmagyny gurady.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.