Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
162ea05663955d.jpeg
2 ýyl ozal
YK­LYM­LA­RY BIR­LEŞ­DIR­ÝÄN GÜÝÇ

Türk­me­nis­tan oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we açyk­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, se­bit­le­ýin hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy dür­li gör­nüş­ler­de ne­ti­je­li ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär.

162e899b85db93.png
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanuny güýje girdi

Türkmenistanda 29-njy iýulda «Elektron hökümet hakynda» Kanun güýje girdi. Kanun «Türkmenistan» gazetinde türkmen, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde rus dillerinde çap edildi. Täze Kanun 5 bapdan we 28 maddadan ybaratdyr.

162e77e9042278.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugy dörediler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Halkara tejribä laýyklykda, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugyny döretmek baradaky teklibi hödürledi. 

162e77b5bd994d.jpeg
2 ýyl ozal
Ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara forumy geçirmek meýilleşdirilýär

162e76cff8e730.jpeg
2 ýyl ozal
Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda ulag arkaly söwda-haryt dolanyşygy artýar

Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-haryt dolanyşygynyň oňyn özgerýändigini görmek bolýar.

162e76fad5bb0c.jpeg
2 ýyl ozal
Derýa ulaglary arkaly şu ýylyň 6 aýynda 378 müň tonnadan gowrak ýük daşaldy

«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça Türkmenistanyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýylyň başyndan bäri ýük daşaýjy gämiler we suw üsti ponton geçelgesi arkaly 378 müň 100 tonna halk hojalygyna degişli ýükler daşaldy.

162e4311ea5048.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Belarusa ýene bir ýörite uçuşy gurar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy iýulda Belarusa nobatdaky ýörite uçuşyny meýilleşdirýär. Bu uçuş bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň bir topary Watanyna getiriler.

162e42e406230a.jpeg
2 ýyl ozal
Awazada ulag ulgamy boýunça halkara maslahat geçiriler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen geçirilen geňeşmeleriň esasynda onuň maksatnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy.

162e34bc1c8d8e.jpeg
2 ýyl ozal
“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi

Kanun döwlet edaralaryny ilata hödürlenýän elektron hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin çäreleri görmäge borçlandyrýar. “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny 27-nji iýuldan, ýagny Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edilen gününden güýje girdi.

162e2d16191af0.jpeg
2 ýyl ozal
GPON tehnologiýasy – sanly ulgamlary ösdürmek üçin AŞTU tarapyndan ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdydayýetini mundan beýläk hem pajarlap ösmegi üçin sanly ulgamlary giňden ornaşdymak we bu ugurdan dünýä tejribesini biziň ýurdumyzda özleşdirmek barada berýän anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, AŞTU paýtagtymyzyň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde optiki-süýümli, şol sanda GPON görnüşindäki maglumat geçiriş torlaryny gurmagyň gerimini ýaýbaňlandyrýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.