Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
162f1c2bad7f46.jpeg
2 ýyl ozal
Paýtagtymyzda täze awtobus ugry işe giizildi

“Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2022-nji ýylyň 06-njy awgustyndan 121-nji “Bagyr – Teleradioýaýlymlar merkezi” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.  

162f091d3daed2.jpeg
2 ýyl ozal
Ýolagçylary we ulaglary barlamak boýunça okuw maslahaty geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda «Pandemiýa sebäpli deňiz portlarynyň howpsuzlygy we gözegçilik babatda häzirki zaman tejribelerini kämilleşdirmek» atly bäş günlük onlaýn okuw maslahaty geçirildi.

162ee2c8adff24.jpeg
2 ýyl ozal
«Ahaltelekom» Ahal welaýatynyň çäklerinde täze FM-tolkun ýaýradyjylaryny ornaşdyrdy we radioýaýlymlaryň tolkun ýygylygyny üýtgetdi

"Ahaltelekomyň" ýerine ýetiren işleriniň netijesinde Ahal welaýatynyň ilatly nokatlatynyň, etraplarynyň we obalarynyň ýaşaýjylary milli radioýaýlymlaryny ýokarlandyrylan durulykly ses tolkunlary bilen diňlemäge mümkinçilik aldylar.

162ecce3c9b596.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Ulag we logistika Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini döretmegiň esasydyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar.

162eccdda0b7d6.jpeg
2 ýyl ozal
Ýurdumyzyň Ulag diplomatiýasynyň esasy ugurlary

Ata Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, belent sepgitlere eýe bolýar. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da ulag ulgamynda hem gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

162eb41caa2b05.jpeg
2 ýyl ozal
Hindistanda Merkezi Aziýa bilen aragatnaşyga bagyşlanan Çabahar güni geçirildi

Hindistanyň Portlar, deňiz daşama we suw ýollary ministrligi ýekşenbe güni Mumbaýda Merkezi Aziýa ýurtlaryna baglaşýan Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň (HDGUG) bir bölegi bolan “Çabahar” portuna bagyşlanan Çabahar gününi geçirdi. Bu barada ministrligiň metbugat beýanatynda habar berildi.

162ea004d11a44.jpeg
2 ýyl ozal
“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyza ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylyp, sanly ulgama geçmegiň ileri tutulýan ugurlarynda ýokary ykdysady netijeler gazanylýar.

162ea01b51a210.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi (TULM) Azerbaýjanda resmi wekilhanasyny açar.

Degişli resminama Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň çäginde gol çekilendigi habar berilýär. Azerbaýjanyň «Caspian Logistics Solutions» kompaniýanyň TULM-yň resmi hyzmatdaşy bolup, Azerbaýjanda wekilhananyň hasaba alynmagyny we işlemegini guramak üçin jogapkär bolar diýip, report.az saýtynda habar berilýär.

162ea116b42705.jpeg
2 ýyl ozal
Ra­ýat awia­si­ýa­synyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­

Berkarar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwründe hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da hem-de içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­da giň ge­rim­li iş­ler do­wam ed­ýär. Ta­ryh üçin uzak bol­ma­dyk döw­rüň için­de halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, ho­wa ulag­la­ry pu­da­gyn­da hem uly ösüş­ler, be­ýik öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

162ea0dda079be.jpeg
2 ýyl ozal
Tä­ze gat­na­şyk­la­ra ba­dal­ga

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri di­kelt­mek, baý mil­li mi­ra­sy aýaw­ly sak­la­mak, ola­ry yl­my esas­da öw­ren­mek we giňden wa­gyz et­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.