Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16447b0b03290b.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy tender yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy ýaşaýyş jaýlaryň we binalaryň ýangyn howpsuzlyk ulgamyny abatlamak we tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär

16447aee5ab7ec.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenpoçta» esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygyny belleýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy şu aýda 30 ýyllygyny belleýär. Kompaniýa öz işine 1993-nji ýylyň aprelinde başlap, bu döwürde esasy maksadyny durmuşa geçirmekde – ilatyň häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy.

164483cdb58cc6.jpeg
2 ýyl ozal
IŞLESEN, IL TANAR JUMAGULY AGA

Ile hyzmat etmek, il alkyşyny almak ýaly baýlyk hiç wagt hem öz gymmatyny ýitirmeýär eken. Oba ýerinde iş güni jahan ýagtylmanka başlanýar. Gün dogmazyndan has öň, her gün şol birwagtda ýiti çyrasy bilen tümlügi böwsüp, oba adamlaryna ýagşy arzuw edip, salam berýän awtobusyň ýakymly “bampyldysy” ýaýrap gider. Yssy diýmän, sowuk diýmän öz işine yhlas bilen ýapyşyp uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşýän Kerkiniň Jumaguly agasy bolsa, şol awtobusyň sürüjisi.

16447ad46dc761.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen ulag kompaniýalary logistika pudagynda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi bilen tanyşdy

«Türkmen logistika» assosiasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň ulag we logistika institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň (CILT Central Asia) we ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugynyň (USAID) Merkezi Aziýada söwda boýunça Maksatnamasynyň arasynda 2023-nji ýylda Bilelikdäki Hereket meýilnamasynyň çäginde awtomobil ýük daşamalary boýunça guralan onlaýn seminarlar tamamlandy. Bu barada «Türkmen logistika» assosiasiýasy tarapyndan habar berildi.

16447a775012cd.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollarynyň» «Airbus» uçary ilkinji gezek ýük daşamak hyzmatyny amala aşyrdy

​​​​​​​Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 17-nji martynda «Airbus» kompaniýasynyň «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli bir sany täze ýük howa gämisi Türkmenistana getirildi.

1644762e78c5af.jpeg
2 ýyl ozal
Kämil sürüji - howpsuz hereket

Türkmenistan raýatlarynyň arasynda sürüjilik okuwyny geçmek, täze başarnyk edinmek ýa-da sürüjilik derejesini ýokarlandyrmak isleýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň wekilleri 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde dürli derejeler boýunça sürüjilik okuwlarynyň statistikasyny yglan etdiler.

16446126a45229.jpeg
2 ýyl ozal
Eýran Türkmenistana barýan demir ýoluň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak isleýär

Şenbe güni Eýranyň ulag ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Russiýanyň we Hindistanyň maliýe çeşmelerini ýurtda ulag infrastrukturasy taslamalaryny durmuşa geçirmekde ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.

164461097357be.jpeg
2 ýyl ozal
Gazagystanda Türkmenistan bilen döwlet serhedini ylalaşmak barada Kanun tassyklanyldy

Gazagystan Respublikasynyň «Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasyndaky Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky ylalaşygy tassyklamak barada» Kanuny ýurduň Senaty tarapyndan tassyklanyldy.

164460cfec1e34.jpeg
2 ýyl ozal
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler

Gazagystanyň ulag we logistika kompaniýasy “KTZ Express”, Russiýanyň “RŽD Logistika” we “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýük daşamalary ösdürmek maksady bilen bilelikdäki kärhanany döretmek barada Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) milli demir ýol kompaniýasynyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

164460c53430b1.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan Azerbaýjanyň ulag arkaly söwda dolanyşygy boýunça ilkinji on bäşligine girdi

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulag arkaly söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4 esse artyp (38,92 million dollar), 211,88 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň statistik maglumatlaryna salgylanyp, "Trend" agentligi anna güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.