Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«D» topara degişli şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjiler işe çagyrylýar
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «D» topara degişli şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileri işe kabul edýär. Bu barada açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti resmi saýtynda habar berdi.
Belarusyň ilçisi Aşgabatda MAZ AGPJ-niň wekiliýeti bilen duşuşdy
Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý çarşenbe güni «BELAVTOMAZ» Holdingiň dolandyryş kompaniýasy — «Minsk Awtoulag Zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada Belarusyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasy habar berdi.
«Belet Film» we «Älem TV» hyzmatlaryna indi «Çapar» goşundysy arkaly töleg edip bolýar
«Çapar» mobil goşundysynyň kömegi bilen indi Türkmenistanyň raýatlary «Belet Film» onlaýn-kinoteatry we «Älem TV» hemra aragatnaşygy esasyndaky teleýaýlym hyzmatlaryna ýeňil hem-de tiz töleg geçirip bilerler.
«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII sport ýaryşlarynyň jemleýji duşuşyklary dowam edýär
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII sport ýaryşlarynyň jemleýji duşuşyklary dowam edýär.
Moskwada 27-nji Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň, ammar enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi geçiriler
17-19-njy aprelde Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde 27-nji Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň, ammar enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi geçiriler. 12 bölümde geçiriljek halkara sergä dünýäniň 18 ýurdundan logistika, ýükleri saklap bermek, ekspeditorçylyk we ammar enjamlarynyň üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 245-si gatnaşarlar.
«Belawiýa» ýolagçylara Türkmenistana girmegiň täze düzgünlerini düşündirdi
Türkmenistanda ýurda girmek üçin üýtgedilen düzgünler güýje girdi. Şunuň bilen baglylykda «Belawiýa» awiakompaniýanyň ýolagçylary üçin bildiriş berdi:
Türkmen-özbek serhedindäki «Farap» gümrük nokadynyň günlük geçirijiligi 1000 awtoulaga ýetiriler
Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär.
“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan tender yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-025 belgili açyk halkara tender yglan edýär:
Talyplaryň arasyndäki özara bäsleşik
Ýaňy ýakynda Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär hem-de Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda giň gözýetimli ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen «Hünärli il ozar» atly bäsleşik geçirildi
«Dostluk kerweni» awtoulagly ýöriş Türkmenistanyň şäherleriniň üstünden geçer
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň goldaw bermeginde Ýolçylaryň hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan «Dostluk kerweni» atly iki hepdelik halkara awtoulagly ýöriş Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Ermenistanyň çäginden geçer.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.