Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1650a92c61fb67.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Nýu-Ýorkda ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisindäki çykyşynyň barşynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi.

1650a8f469122e.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenpoçta» ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär

Aşgabadyň demir ýol menzilinde ýerleşýän «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýük bölümi müşderilerine tutuş Türkmenistan boýunça dürli ululykdaky we agramly ýükleri ibermek hem-de kabul etmek hyzmatlaryny hödürleýär.

1650a8b697688b.jpeg
2 ýyl ozal
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşyldy

Gazagystan bilen Eýranyň iki ýurduň arasyndaky ulag we üstaşyr aragatnaşygyny güýçlendirmekde uly mümkinçilikleri bar. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen onuň eýranly kärdeşi Ebrahim Raisiniň arasynda Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşykda mälim edildi.

1650936f9a868f.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda Ro-Pax awtoulag we ýolagçy gatnadýan paromlarda daşalan awtoulaglaryň sany 12 358 ýetdi

Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 128,6% ösüş gazanyldy we 1,509 million tonna ýetdi. Umuman aýdylanda 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 130,1% ýerine ýetirildi.

1650934b9c875a.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan ulag geçelgeleri arkaly sebitara gatnaşyklary berkitmäge gatnaşýar

Golaýda Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow ýolbaşçylyk etdi.

165092f7b72d91.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň arasynda aragatnaşyk pudagyny özgertmek babaynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň we degişli wekilleriniň hem-de «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň prezidenti Naoki Nakamuranyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýetiň  gatnaşmagynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda duşuşyk geçirildi.

16507ed79019e6.jpeg
2 ýyl ozal
3 aýlyk uçarbeletlik okuwlara resminamalar kabul edilýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý bolan uçarbeletleriň başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.

16507ebb816057.jpeg
2 ýyl ozal
«Gapydan gapa» çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ähli ýerine ýollamalary ibermek we almak aňsat hem-de ýönekeý

Ýokary hyzmat ülňüleri, tejribesi we guramaçylykly ýola goýlan logistika ulgamy «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyna gysga möhletde, hatda Türkmenistanyň iň uzak we barmasy kyn ýerlerine-de gymmatly bukjalary we möhüm ýollamalary alyjylara ýetirmäge mümkinçilik berýär.

16507eaa467426.jpeg
2 ýyl ozal
Baýramalyda, Balkanabatda, Kakada we Bäherdende demir ýol menzilleriniň döwrebap binalary gurlar

Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär.

16507edbcc167e.jpeg
2 ýyl ozal
Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygy 57% ýokarlandy

TASS-yň «RŽD logistika» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Dmitriý Muraýewiň sözlerine salgylanyp habar bermegine görä, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygynyň mukdary barha artýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.