Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16516577257220.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan Hytaýa uzaýan täze demir ýol taslamasyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ulag gatnaşyklarynyň ösüşine täze itergi berjek Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýol taslamasynyň gurluşygyna gyzyklanma bildirýär.

1651656b195dd5.jpeg
2 ýyl ozal
Latwiýa Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak isleýär

Latwiýa Türkmenistan bilen ulag pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär diýip, “Trend” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

165172e1a3f669.jpeg
2 ýyl ozal
Ak ýollarda hasyl bolan arzuwlar

«Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz zähmet çekýän adama uly sarpa goýýar. Yhlas bilen islendik bir işiň başyna barsaň ýetdirmejek sepgit ýok. Bu Ahmetjan Raimowyň  durmuşynda-da şeýle boldy. Ol hem beýleki bagtyýar ildeşlerimiz ýaly, “Kesbinden kemal tapan” diýilýänlerden. Ahmetjan ykbalyny sürüjilige baglap, özüniň ömrüniň manysyny ilimize döwrebap hyzmat etmekde görýär.

1651655d33a789.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabat-Türkmenabat awtobany Özbegistan bilen ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegine ýardam eder

Gurluşygy dowam edýän Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Özbegistan bilen ulag aragatnaşygyny ösdürmäge uly mümkinçilikleri açar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň duşenbe güni “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda habar berildi.

1651653cbb6c36.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenpoçtanyň» Marydaky ýük bölümi ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabatdaky bölümi bilen birlikde, Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde hem ýük bölümi hereket edýär.

1651506ce79baa.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli iki sany optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda aýdylýar.

1651503a0ce871.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan energetika we ulag arabaglaşygyndaky ähmiýetli ornuny artdyrýar

Bitarap Türkmenistan möhüm halkara meseleleriň, aýratyn-da, energetika howpsuzlygynyň, ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar.

16512686c8b2c3.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen wekiliýeti Barselona deňiz portunyň işi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselona şäherinde geçen deňiz portlarynyň edara ediş işi ulgamyndaky üç günlük okuw maslahatyna gatnaşdy.  Maslahata gatnaşyjylar Ortaýer deňzinde iň uly Barselona portunyň innowasion işi bilen tanyşdylar.

1651267a10ff85.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

"Türkmendemirýollary" agentliginiň ýolbaşçylary sanly ulgam arkaly Koreýa Respublikasynyň Ulag, infrastruktura we ýer serişdeleri ministrliginiň, Koreýanyň Demir ýol korporasiýasynyň we "Koreýanyň Demir ýollary" döwlet kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler.

16512668e7e453.jpeg
2 ýyl ozal
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" - "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti bolup çykyş edýän "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti howa ulagy arkaly ýük daşamalaryň giň toplumyny hödürleýär. Paýdarlar jemgyýeti eýýäm birnäçe söwda we senagat kärhanalaryň, döwlet we halkara düzümleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hem-de ulag-ekspeditor agentligi hökmünde giňden tanalýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.