Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1641e0a002ea52.jpeg
2 ýyl ozal
Russiýa Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazarýaka aýlaw ýoluny gurar

Russiýa Federasiýasy maý aýynda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» maslahatynyň çäklerinde Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň sözlerine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berýär.

1641d44cee6220.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we Eýran “Howdan-Bajgyran” serhet geçelgesinde ýük awtoulaglaryň geçirilişini dikeltdi

Türkmen-eýran serhedindäki “Howdan- Bajgyran” gözegçilik-geçiriş nokadyndan ýük awtoulaglarynyň geçirilişi gaýtadan dikeldildi. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Horasan sebitindäki wekili Mohammad Beheştiniň sözlerine salgylanyp, IRNA agentligi geçen hepdäniň penşenbe güni habar berdi.

1641d2b1342877.jpeg
2 ýyl ozal
Almaty — Aşgabat uçuşlary üçin petekleri nireden satyn almalydygy belli boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 28-nji martdan Aşgabatdan Almaty şäherine (Gazagystan) we yzyna yzygiderli uçuşlary gaýtadan ýola goýýar.

1641be22c98e17.jpeg
2 ýyl ozal
«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Oraza» hyzmatyny ýola goýdy

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze «Oraza» atly USSD hyzmatyny ýola goýdy. Abonentler agyz beklenýän we açylýan wagtlaryny tölegsiz «Oraza» hyzmatyndan peýdalanyp, anyklap bilerler.

1641bf68885aff.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny sürüjilik şahadatnamalarynyň ähli derejeleri boýunça sürüjilik okuwlaryny geçmäge çagyrýar.

1641bf7ed3fead.jpeg
2 ýyl ozal
Türk­men­ba­şy — Ga­za­gys­tan aralygynda awtomobil ýoly gurlar

Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny do­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky döw­let agent­li­gi­niň bu­ýur­ma­gyn­da «Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­tan ser­he­di» tä­ze, döw­re­bap aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň we onuň ug­run­da­ky des­ga­la­ry­ň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak bo­ýun­ça halkara bäsleşik yg­lan ed­ýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 20-nji martyndaky sanynda habar berildi.

1641acf765a03b.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hyzmatlaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýän gepleşikler

Ýakynda "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri bilen «KPMG Tax and Advisory LLC» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň wekilleri kompaniýanyň alyp barýan işleri, esasy ugurlary we halkara derejesindäki tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.

1641acd9e5a593.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $59,6 milliona deň boldy

Özbegistanyň Türkmenistan bilen ulaglar arkaly daşary söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 59,6 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

1641acc5f3ace8.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan Orta geçelgesinde ýönekeýleşdirilen üstaşyr meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň «bir penjire» ýörelgesi boýunça «Gündogar-Günbataryň» ugrundaky Hazarüsti halkara Orta geçelgesiniň üstaşyr düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi taslamasy boýunça Köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy.

164193ab5c3da0.jpeg
2 ýyl ozal
Awiasiýa hünärmenleriniň nobatdaky tapgyry okuwlaryny üstünlikli tamamaladylar

Ýaňy-ýakynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi, özgezeginde Türkmenistanyň raýat awiasiýasyna uly goşant goşjak 123 sany ýokary derejeli awiasiýa hünärmenlerini okadyp taýýarlady. Olardan 2 uçurym örän gowy bahalar bilen gutardy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.