Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Ýurdumyzda ulag ulgamy ösdürilýär
Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet baştutanlygynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda ulag ulgamynyň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, önümçilik kuwwatyny, ygtybarlylygyny we halkara hyzmatdaşlygynda tutýan ornuny berkitmek babatda maksatnamalaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
AWIASIÝADA SANLY TEHNOLOGIÝALARYNY ULANMAK MÜMKINÇILIKLERI
Hormatly Prezidentimiz: «Bazar giňişliginiň ählumumylaşmagy hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde maglumatlarynyň peýdalanylmagyna esaslanýar» diýip belleýär.
DURNUKLY ULAG ULGAMYNYŇ HUKUK ESASLARY
Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara syýasaty ulgamynda döwletiň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy.
Paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna 400 sany täze awtobus ulanyşa berler
Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna gelip gowşan täze 400 sany «Hyundai ALL New Super Aero City» kysymly döwrebap awtobuslar 25-nji maýda tölegsiz hyzmat eder.
Gözel Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli täze 200 sany ýeňil taksi awtoulagy işe girişer
Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna täze 200 sany «TOYOTA COROLLA» kysymly döwrebap ýeňil taksi awtoulaglary gelip gowuşdy.
AŞGABATDA KÄMIL ULAG HYZMATLARY
Milli Liderimiziň pähim-paýhasy bilen şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli giň möçberli taýýarlyk işini alyp barýar hem-de şanly seneleriň hormatyna medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli guralýar.
Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Eýran täze ulag geçelgesini ýola goýmakçy
Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (GSTB) başlangyjy esasynda sişenbe güni Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda täze demir ýol geçelgesini döretmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan we Gazagystan söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar
20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
"Türkmenhowaýollary” agentligine lukmançylyk maksatly täze dikuçar gelip gowuşdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň howa ulagy ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanan “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.
Döwrebap demir ýol menzilini gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi
"Demiryollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti territoriýany gowulandyrmak bilen Gökdepe etrabynda häzirki zaman demir ýol menziliniň taslamasyny düzmek we gurluşygy üçin
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.