Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistanyň milli floty daşary ýurt gämilerine ýangyç guýmak hyzmatlaryny hödürleýär
Türkmenistanyň deňiz söwda floty Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna gelýän daşary ýurt gämilerine dizel ýangyjyny guýmak hyzmatlaryny hödürleýär.
YHLAS BILEN BIR KÄMILE GOL BERSEŇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirt ýoluny ösdürmegiň ähmiýeti bimöçberdir. Halypa äpet bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Halkymyzda «miweli daragt» düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir.
Duşenbe sammitinde gury ýerdäki ulag ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça möhüm resminamalara gol çekiler
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy 14-15-nji sentýabr günleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin mälim etdi diýip, «Sputnik» habar berýär.
«Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatynyň mümkinçiliklerini artdyrýar
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýollamalary «gapydan-gapa» eltip bermek hyzmatyny amala aşyryp, bu hyzmaty ýurduň iň uzak künjeklerine çenli ýetirýär.
Awgustyň başynda Türkmenabadyň howa menziline daşary ýurt awiakompaniýalarynyň 2 uçary tehniki gonuşlary ýerine ýetirdi
Awgust aýynyň başynda daşary ýurt kompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşlary amala aşyrdylar.
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hyzmatlary hödürleýär
“Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa ýük daşamalaryndaky resmi agenti hökmünde “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uçarlar arkaly ýük gatnawlarynda ýükleriň ýol hatlaryny resmileşdirip bermek, harytlary deklarasiýalaşdyrmak hyzmatlaryny hödürleýär.
«Awtohyzmat» kompaniýasy awtoulag eýeçiligi boýunça resminamalary resmileşdirmäge kömek eder
«Awtohyzmat» kompaniýasy awtoulag eýelerine awtoulag bilen baglanyşykly dürli ýuridiki amallar üçin iş kagyzlaryny resmileşdirmek boýunça tölegli hyzmatlaryny hödürleýär.
Türkmenistan halkara ýük daşamalary üçin rugsatnama almak boýunça arzalary kabul edýär
«Türkmenawtoulaglary» agentligi edara görnüşli we şahsy taraplardan ýük awtoulag serişdesinde ýük daşamak üçin daşary ýurt döwletleriniň 2024-nji ýyl üçin rugsatnamalarynyň sargytnamalaryny kabul edýär. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi resmi web sahypasynda habar berdi.
DÖWREBAP AWTOBUS HYZMATY DURMUŞYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR
Bagtyýarlyk gadamlary bilen öňe barýan Berkarar Watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, ylym-bilimde, ulaglar we kommunikasiýa pudagynda hem-de beýleki pudaklarda ýokary derejeli uly üstünlikler gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty Watanymyzyň rowaçlygyna hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir.
«Türkmen Logistika» türkmen ulag kompaniýalaryny «Gara deňiz—Hazar» Logistika forumyna çagyrýar
«Türkmen Logistika» assosiasiýasy resmi maglumat hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ulag kompaniýalaryny 2023-nji ýylda geçiriljek «Gara deňiz—Hazar» Logistika Forumy: geçelgeler, ýükler, infrastruktura» maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu baradaky bildiriş assosiasiýanyň resmi web sahypasynda çap edildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.