Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
SANLY ULGAMYŇ MÜMKINÇILIKLERI
Hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň hususy böleginiň ösdürilmeginde ägirt uly işler durmuşa geçirilýar.
Şäherara awtobus gatnawlarynyň täze tertibi yglan edildi
2021-nji ýylyň maý aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne çenli uzaldylandygy barada habar berýäris.
Ilatymyza ediýän awtoulaglar hyzmatynyň gerimi artýar
“Türkmenawtoulaglary” agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 44-nji “Parahat – Gurtly” awtobus ugrunyň açylýandygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär.
“Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman” synag otlusynyň ugradylmagy maslahatlaşyldy
Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýol edaralarynyň wekilleri sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirdiler. Gepleşigiň dowamynda “Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman” (Aşgabat şertnamasy) geçelgesinde synag otlusynyň gatnawyny utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
AŞTU hyzmatlaryny barha kämilleşdirýär
Sanly ulgamyň ykdysadyýete, raýatlaryň durmuş şertlerine giňden ornaşmagy bilen goşmaça amatlyklary we rahatlygy emele getirmäge gönükdirilen täze-täze mümkinçililer peýda boldy.
Türkmenistan aragatnaşyk ulgamynda halkara wideomaslahata gatnaşdy
Awstriýanyň Wena şäherinde ştab-kwartirasy ýerleşýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 4-5-nji maýda geçiren halkara wideomaslahaty maglumat, telekommunikasiýa we kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlandy.
Türkmenistan ÝHG bilen ulag hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.
Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary hyzmatlary sanlylaşdyrylýar
Garaşsyz Watanymyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň üstaşyr ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmak, pudagyň işinde elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ýükleri daşamak işlerini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin täze, döwrebap programma üpjünçiliginiň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy we onuň synag işleri geçirildi.
Awtomobil ulaglary hyzmatynyň gerimi giňeýär
«Awtoulaghyzmaty» AGPJ şäherara ugurlar boýunça awtobus gatnawlaryň sanyny barha artdyrýar
Demir ýol ulgamynda halkara bäsleşik yglan edildi
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy wagonlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we materiallary satyn almak boýunça
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.