Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
STAMBUL—TÜRKMENBAŞY: ÝÜK GATNAWLARYNYŇ TÄZE TAPGYRY
Ýük gatnawlarynyň soňky wagtlarda has işjeňleşmegi bilen olaryň ugurlarynyň sany hem barha artýar. Deňiz arkaly ýük gatnawlarynyň amala aşyrylmagynda ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň Ýewropa ugurlarynda açylmagy hem mynasyp orny eýeleýär.
«DERÝAÝOLLARY» açyk görnüşli PAÝDARLAR JEMGYÝETI dörediler
Ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky özgertmeler günsaýyn oňyn netijelerini berýär. Şol sanda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň çäklerinde alnyp barylýan işlerde hem pudagy özgertmek maksatly birnäçe täzeçe çemeleşmeleri görmek bolýar.
TÄZE GÖZÝETIMLERI NAZARLAÝARn TÜRKMEN—EÝRAN HYZMATDAŞLYGY
Demir ýol ulaglary pudagynyň işini kämilleşdirmek, esasan hem, ony dünýä ýurtlary bilen geçirilýän hyzmatdaşlyklaryň çygrynda täze sepgitlere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ýörelgeleri bolup, häzirki wagtda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
«TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY» : ÖSÜŞIŇ TÄZE DEREJESI
Häzirki döwürde Türkmenbaşynyň halkara deňiz menzili sebitiň iri üstaşyr geçelgesiniň wezipesini alyp barýar.
Milli bahar baýramy mynasybetli gutlag
Mertebesi belent Prezidentimizi Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumynyň agzybir işgärleri gutladylar.
Gelse Nowruz äleme...
Baharyň gelmegi bilen türkmen halkynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramynyň şowhuny hem bütin töweregi gurşap alýar. Magtymguly Pyragynyň «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip, aýdyşy ýaly, tebigat al-elwan güllerden keşde çekilen ýaşyl dona bürenip, gözel görke gelýär.
«AKYLLY ŞÄHER» — DÖWREBAPLYGYŇ NUSGASY
Hormatly Prezidentimiziň ýörelgelerinden ugur alnyp, paýtagtymyzda, şeýle-de welaýat merkezlerinde we etraplarda häzirki zaman aýratynlyklary bilen tapawutlanýan binalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, olarda döwrebap telekommunikasiýa enjamlary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.
«TÜRKMENPOÇTA»: TÄZE HYZMAT, TÄZE MÜMKINÇILIK
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň agzybir hünärmenleri hem ýadawsyz zähmet çekip, bu şanly senä ýokary zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.
Resmi habar
“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine – esaslyk maýadaky paýy 10 göterim we Agentligiň Türkmenbaşy halkara deňiz portuna – esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
«APPLE» ÝURDUMYZDA RESMI SAÝTYNY DÖREDÝÄR
Sanly ulgam eýýamyna doly gadam basan ýurdumyz internet tory esasynda günsaýyn halkymyza köp sanly ýeňillikleri hödürleýär. Bu ugurda täze-täze web saýtlaryň döredilmegi gözýetimimizi, dünýägaraýşymyzy giňeldýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.