Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
164af955fa6ad1.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň GDA-nyň kanuny we beýleki edaralaryndaky ygtyýarlandyrylan wekili Belorusdaky awtoulag gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralaryndaky hemişelik ygtyýarlandyrylan wekili Nazarguly Şagulyýew GDA-dan beýleki delegatlaryň düzüminde Belorusdaky BÝGPJ «БелДжи» zawodyna baryp gördi.

164af8db524212.jpeg
2 ýyl ozal
«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň ulaglary müňlerçe tonna bugdaý hasylyny daşaýarlar

Gallaçy kärendeçileriň azap siňdirip ýetişdiren bereketli bugdaý hasylyny tiz we yrýasyz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň öz kärine ussat sürüjileri gaýratly zähmet çekýärler.

164ae3e9998677.jpeg
2 ýyl ozal
Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri artýar

Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Andreý Belousow ulag we logistika geçelgelerini ösdürmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi — diýip, dostlukly ýurduň Hökümetiniň metbugat gullugy ýazýar.

164ae381785a10.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistana dokuz sany ýöriteleşdirilen ýük göteriji ulaglar gelip gowuşdy

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestine şenbe güni dokuz sany ýokary kuwwatly ýöriteleşdirilen ýük göteriji ulaglar gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti duşenbe güni habar berdi.

164ae363492ad3.jpeg
2 ýyl ozal
Eýrandan ýurdumyza ulaglar arkaly importy 103% ýokarlandy

Eýrandan şu ýylyň birinji çärýeginde (Eýran senenamasyna görä, 21-nji martdan 21-nji iýuna çenli döwür) Türkmenistana ýurduň Horasan Razawi welaýatyndaky Lotfabad serhet geçelgesinden daşalan nebit däl harytlaryň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103 göterim ýokarlandy. Bu barada Lotfabad serhet geçelgesiniň başlygy Gurban Karriminiň aýdanlaryna salgylanyp, IRNA agentligi habar berdi.

164ae354ff18e5.jpeg
2 ýyl ozal
Ulag we söwda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak ugrunda

Penza Söwda-senagat edarasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu çärä harytlaryny eksport etmek we daşary ýurt bilen söwda hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýän Penza kärhanalarynyň 40 töweregi wekili gatnaşdy diýip, «PenzaPress» 7-nji iýulda habar berdi.

164ace4e40c56d.jpeg
2 ýyl ozal
«Ýüpek ýoly 2023»: türkmen ekipažlarynyň ikisi öňdäki dörtlügi düzýär

«Ýüpek ýoly 2023» rallisiniň üçünji gününde bu abraýly ýaryş bilen birlikde dowam eden ralli-reýd boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty jemlendi. Tamamlanan ýörite bölekden soňky üç tapgyr T1, T2 we T3 görnüşlerinden Russiýanyň çempionlaryny kesgitledi.

164ab9082c127f.jpeg
2 ýyl ozal
«Ýüpek ýoly 2023»: Ikinji tapgyryň netijeleri

«Ýüpek ýoly 2023» rallisiniň ikinji tapgyry Ural derýasynyň boýy bilen Ýewropanyň hem Aziýanyň serhedinden ýol saldy. Ýeňiş ugrunda dowam edýän ýiti göreşiň ekipažlara tebigatyň haýwanat we ösümlik dünýäsine diýseň baý bolan bu künjeginiň gözelliklerinden lezzet almaga mümkinçilik bermändigini ynamly aýdyp bolar.

164ab8cc2937c9.jpeg
2 ýyl ozal
Daşary ýurt kompaniýalary «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ bilen iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýär

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýärler.

164ab89333ba6e.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollary» Italiýa we Hytaýa ýük gatnawlaryny ýola goýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Airbus 330-200P2F» kysymly howa gämisinde hepdede 1 gezek uçuş ýygylygy bilen, Italiýa Respublikasynyň Milan we Hytaý Halk Respublikasynyň Şenžen şäherlerine ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.