Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan — Astrahan: ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp
Milli Liderimiziň dost-doganlyk, myhmansöýerlik, hoşniýetlilik hem ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty döwrüň beýik işlerine badalga, kuwwat berýär. Bu häzirki döwürde işjeň häsiýete eýe bolan ulaglar arkaly ýük gatnawlarynda hem durmuşa geçýär.
Türkmenistanyň ulag syýasaty dünýäniň nazarynda
Watanymyzyň häzirki ösüş-özgertmeleri dünýä ýüzüne ýaň salýar. Milli Liderimiziň tagallalary bilen hasyl bolýan iri taslamalar dünýäniň üns merkezinde bolup, sebite, umuman beýleki halklaryň aglabasyna täsirini ýetirýär. Dünýä ýurtlarynyň giň auditoriýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem bu ösüşleri beýan etmekden daşda durmaýar.
Singapurdan Türkmenistana poçta ugratmak hyzmaty ýola goýuldy
«Singapur Post Limited» kompaniýasy resmi saýtyndaky hasabatlarda Singapurdan Türkmenistana poçta eksport etmegi gaýtadan dikeldendigini habar berdi.
Türkmenistan geçen ýyl 852 sany KAMAZ satyn aldy
Pandemiýa bilen bagly çäklendirmelere garamazdan, Türkmenistan 2020-nji ýylda 852 sany «KAMAZ» awtomobilini satyn aldy. Bu barada «KAMAZ» kompaniýasynyň çärýeklik hasabatyna salgylanyp, Finmarket habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistan ― Çehiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi
Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Wepa Hajiýewiň hem-de Martin Tlapanyň derejesinde onlaýn görnüşinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Türkmen turbalarynyň uçarlar arkaly Türkiýä daşalmagyny gurnady
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti türkmen plastik turbalarynyň ýük uçarlar arkaly Türkiýä daşalmagyny gurnady.
Ýurduň çägindäki howa menzillerinde kiçi ýükleri ibermek hyzmaty hereket edýär
Häzirki wagtda ähli howa menzillerinde ýurduň içinde 5 kilograma çenli agramly ýükleri ibermek hyzmaty hereket edýär.
Ýurdumyzyň dürli welaýat merkezlerinde döwrebap awtomenzilleriň gurluşygy dowam edýär
«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary Maryda, şeýle hem Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerinde ýolagçy awtomenziliniň gurluşygyny alyp barýarlar.
SANLY YKDYSADYÝET — döwrebap ÖSÜŞIŇ BINÝADY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar.
ULAG-ARAGATNAŞYK PUDAGYNYŇ KUWWATLY BINÝADY BERKIDILÝÄR
Häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumynda alnyp barlan we geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe gaýragoýulmasyz işler hem il-günümiz üçin döredilýän amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde alnyp barlan işleriň özenini düzýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.