Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1628e1e4cd3139.jpeg
3 ýyl ozal
TALYPLAR TANYŞDYRYLYŞ GÖÇME TEJRIBE OKUW SAPAGYNY GEÇDILER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gujagynda dogan her gün täze zähmet üstünliklerini buşlaýar, halkymyz ýagşy umytlar bilen röwşen geljege ynamly gadam urýar. Bagtyýarlyk bilen batlanýan, berkararlyk bilen beýgelýän mähriban Diýarymyzda, ýaşlara döwrebap bilim almak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin giň şertler döredilýär.

1628fce4431b28.jpeg
3 ýyl ozal
DEMIR ÝOL ULAGYNDA TEBIGY GAZY ULANMAKLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güller açýan eziz Diýarymyz ähli ugurlar bilen bir hatarda ulag ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde şol mümkinçilikden has doly we netijeli peýdalanyp, goňşy döwletler bilen özara we sebit bähbitli köp taraplaýyn dostlukly gatnaşyklar ýola goýulýar.

1628d2adef204a.jpeg
3 ýyl ozal
ULAG ULGAMYNDA SANLY YKDYSADYÝET

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek  hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň  ugurlarynyň biridir.

1628be12e846bf.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanda şäherara awtobus petekleriniň onlaýn-satuw hyzmaty işini gaýtadan ýola goýdy

Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleriniň satuwy gaýtadan ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär. Indi ýolagçylar şäherara awtobus gatnawy üçin petekleri «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtyndan, Android operasion ulgamy üçin niýetlenen ykjam goşundysyndan ýa-da awtoulag menziliniň kassalaryndan satyn alyp bilerler.

16289eb5a6c6a9.png
3 ýyl ozal
“Sanly ykdysadyýet - geljegiň aýdyň ýoly” atly ylmy-intellektual onlaýn bäsleşiginiň netijeleri

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeleri milli ylym-bilim ulgamynyň yzygider döwrebaplaşmagy, ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn intellektual ösüşi, olaryň ýiti zehinli, başarjaň bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri üpjün edýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli derejedäki bilim, ylmy-intellektual, döredijilik bäsleşikleri olaryň zehinini açmaklary üçin uly mümkinçilik bolup durýar.

16288e0a640358.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan halkara ýük ulaglaryna Eýrandan Özbegistana üstaşyr geçmäge rugsat berer

Daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň Sarahs-Farap-Sarahs ugurlary boýunça ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmekleri ýola goýular. Türkmenistan şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap Eýran serhedinden geçen halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Özbegistana çenli geçmäge rugsat berer.

1628ba6ff62549.jpeg
3 ýyl ozal
YLMY-INNOWASIÝA, DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ ÝEŇIJISI

Türkmen döwlet binagärilk we gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmagynda ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwaly geçirildi. Festiwal 16-njy maýdan 21-nji maý aralygynda geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň inžener-tehniki we dizaýner başarnygy bar bolan talyplar festiwala özbaşdak hem-de toparyň düzüminde gatnaşdylar.

16288df62e37d2.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan Tatarystan bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Russiýanyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

16288ddafdb354.jpeg
3 ýyl ozal
Ulaglar ulgamynynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylar

Türkmenistan howa, deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary parkyny giňelder. Munuň üçin ýurduň aýry-aýry ulag pudaklaryna täze howa ulaglary, ýük teplowozlary, ýeňil awtoulaglar, kiçi awtobuslar satyn alar we deňiz gämileri gurlar.

16288af87c2ec5.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Eýran Sarahs terminaly arkaly söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder

2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistan Sarahs serhet terminalynyň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna özara söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.