Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16482c29899711.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Özbegistan özara ýük daşamalary sanlylaşdyrdylar

Türkmen-özbek serhedinde ýerleşýän “Farap awtoýollary” we “Alat” gümrük nokatlarynyň arasynda şu ýylyň iýunynda ilkinji gezek “sanly TIR” ulgamyny ulanmak arkaly ýükleriň daşalmagy ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy şenbe güni habar berdi.

16482b0375641d.jpeg
3 ýyl ozal
«Awaza» barmak üçin ulag hyzmatlary doly yola goýuldy

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpden bäri garaşylýan tomusky dynç alyşdan aýyrýan 500 kilometrden gowrak aralygy geçmegiň birnäçe ýoly bar:

164816debdb49c.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Gruziýa ulag we energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek isleýär

6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň wise-premýeri, ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili ýolbaşçylyk etdi.

164816b72e199a.jpeg
3 ýyl ozal
Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça demir ýol ýük gatnawy 5 aýda 4 million tonna çenli ýokarlandy

Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça demir ýol boýunça daşalan ýükleriň mukdary 2023-nji ýylyň bäş aýynda 40 göterimden gowrak artyp, 4 million tonna ýetdi. Gündogar we Hazarüsti ulag ugrunyň ýük daşamalarynyň ösüşi hem 80 göterimden geçýär — diýip, «Eurasia Today» neşiri habar berýär.

164816716c3b07.jpeg
3 ýyl ozal
Dünýä awiapudagy pandemiýadan öňki durkuna dolanýar

Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasy raýat awiasiýasynyň ýagdaýy barada çaklamany täzeledi. Hünärmenleriň bu ugurdaky maglumatlary oňat. Sebäbi ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp geldi diýip, «Habar 24» ýazýar.

1648164cbd5052.jpeg
3 ýyl ozal
Aşgabady we Awazany täze awtobus ugry birikdirer

11-nji iýundan başlap Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ Aşgabat-Awaza-Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyna badalga berer.

1648160cf0207f.jpeg
3 ýyl ozal
Elektron haryt-ulag ulgamyny kämilleşdirmek barada döwlet Baştutanymyz resminama gol çekdi

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Elektron haryt-ulag delil hatynyň elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň döredilmegini üpjün etmek barada Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

16480133ddfee6.jpeg
3 ýyl ozal
"Türkmenhowaýollary" içerki gatnawlaryň uçuş tertibini üýtgetdi

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň saýtynda içerki gatnawlaryň täze tertibi çap edildi. Ol 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girýär. Awiakompaniýa uçuş wagtynyň üýtgäp biljekdigini belleýär.

16480106423704.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasy gowşuryldy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri (ÝHHG) Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasyny gowşurdylar.

164800f6041c6d.jpeg
3 ýyl ozal
Eýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesi işe başlaýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Pars aýlagy meseleleri boýunça baş müdiri Alireza Enaýati Omanyň soltany Haýtam bin Tarik Al Saidiň ýakynda Tährana eden saparynyň dowamynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy meseleleriniň esasy ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar bolandygyny aýtdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.