Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«FlyDubai» awiakompaniýasynyň BAE — Türkmenistan we yzyna gaýdyş uçuş tertibi belli boldy
«FlyDubai» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat şäherine yzygiderli howa gatnawlaryň tertibi Dubaý howa menziliniň meýilnamasyna girizildi. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlar we hepdede iki gezek bolar. «FZ731» reýsleri duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan Aşgabat şäherine, Aşgabatdan Dubaýa «FZ732» uçuşlary sişenbe we anna günleri amala aşyrylar.
Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ýük düzümi geçer
Russiýa Federasiýasynyň demirgazygynda ýerleşýän Kareliýa Respublikasyndan çaphana kagyzlary ýüklenen otly düzümi «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üsti bilen Hindistana eltiler. Bu barada «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýeti habar berýär.
Arkadag şäherinde raýatlarymyza «JAC E-J7» elektromobilleri hyzmat eder
«JAC E-J7» dolulygyna elektrikleşdirilen ulag bolup, ol ýokary hilli ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Ulag 193 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edilipdir. Elektromobil 0-dan 100 km-e çenli tizlige bary-ýogy 5,9 sekuntda ýetýär.
«FlyDubai» Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder
«FlyDubai» awiakompaniýasy Dubaý ― Aşgabat ― Dubaý arasyndaky göni howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Gulf Business habar berdi.
«Türkmenistan» aiwakompaniýasy BAE-niň paýtagtyna göni uçar gatnawyny dikeltdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine göni howa gatnawlaryny dikeltdi. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýanyň Baş edarasyndan habar berildi. Iki ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji uçuş 23-nji dekabrda Aşgabat şäherinden amala aşyryldy.
Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlary
Hormatly ildeşler! Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky deňiz arkaly söwda dolanyşygy barha artdyrylýar
Eýranyň Türkmenistana eksporty häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji sekiz aýynda (21-nji martdan 21-nji noýabra çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35,58% ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Iranian Mehr” agentligi penşenbe güni habar berdi.
AŞTU müşderilerine aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilerini ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar we aragatnaşyk hyzmatlary üçin öz wagtynda tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar.
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly sebitiň üns merkezinde
Düýn Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl sammiti geçirildi. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Türkmenistan Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň mejlisine gatnaşdy
Russiýa Federasiýasynyň Transport ministrligi Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň adatdan daşary iş mejlisini geçirdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.