Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmen IT-kompaniýasy Türkmenbaşy portunyň sanlylaşdyrylmagyna gatnaşýar
“Sanly Çözgüt IT meýdança“ hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri Hazar deňzinde ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň arzalaryny Internet tory arkaly uzak aralykdan bermekleri üçin işlenip taýýarlanylan täze programma üpjünçiliginiň işi bilen tanyş etdiler.

Öý - söýgiň ýaşaýan, bagtyň höküm sürýän, ýatlamalaryň döreýän we gülkiniň gutarmaýan ýeridir
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna häzirki döwrüň halkara ölçeglerine laýyk gelýän amatlyklar hem-de durmuş eşretleri döredilýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işi barha ilerleýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna bardy. Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew portda alnyp barylýan işler hem-de onuň terminallarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyp resmi metbugaty habar berdi.

Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar.
2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Turkish Airlines awiakompaniýasy tarapyndan Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Aragatnaşykçylaryň ýokary okuw mekdebi «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde we 13-nji maýynda sagat 15:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar.

Astrahan bilen ulag-logistika, söwda we syýahatçylyk hyzmatdaşlygy ýola goýlar
Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin şenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygynyň barşynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyna syýahatlaryň gurnalmagyny hem-de Astrahan-Türkmenbaşy awiagatnaşygynyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

ÝHHG Hazar sebitinde ulag arabaglanyşyk taslamasyny giňeltmegi meýilleşdirýär
“Hazar deňziniň sebitinde “ýaşyl” portlarynyň ösdürilmegine ýardam bermek” atly taslamanyň umumy bahasy 2,5 million ýewro barabardyr.

Sanly ulgam – daşky gurşawyň abadançylygynyň täze çözgüdi
Sanlylaşdyrma - bütin dünýäniň aýdyň geljeginiň kepilidir. Çünki, sanly ulgam umumadamzat durmuşynyň has çalt döretmek, maglumat gözlemek we olary tertiplemek ýagdaýlaryny awtomatlaşdyrdy, amatlaşdyrdy we has elýeterli etdi.

Minsk — Türkmenbaşy ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Minsk — Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýörite gatnaw bilen türkmen raýatlary Belarusdan alnyp gaýdylar. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Ulag diplomatiýasy aýdyň ösüşlere beslenýär
Ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dünýä ýüzünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ulag diplomatiýasyny kämilleşdirip, halkara derejesindäki beýik başlangyçlary amala aşyrmagy, onuň bu ugurda eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.