Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
163ff710f2d443.jpeg
3 ýyl ozal
«LEBAPAWTOULAG» ÖNÜMÇILIK BIRLEŞIGINDE ÝEŇIL TAKSI AWTOULAGLARYNYŇ SANY KÖPELDI

Türkmenabat şäheriniň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ulgamynyň derejesini ýokarlandyrmak, ulag aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek, taksi ulaglaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen 85 sany häzirki zaman ýeňil maşyn gelip gowuşdy. Bu buýsançly waka şäher ilatymyzyň  kalbynda ýatda galyjy waka öwrüldi. Dünýäniň soňly gazananlary ornaşdyrylan ak reňkli ýeňil awtoulaglar ir säher bilen, milli däp-dessurlarymyzyň berjaý edilmegi bilen ýola rowana boldular. Olara ak ýol arzuw edildi.

163ff66cae91bb.jpeg
3 ýyl ozal
«Altyn Asyr» Türkmenistanyň täze etraplarynda 4G aragatnaşygyny ýola goýdy

«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Türkmenistanyň üç welaýatynyň birnäçe etraplarynda 4G aragatnaşygynyň işi üçin täze enjam oturtdy. Bu barada ORIENT-e TMCELL-iň wekilleri habar berdiler.

163fef655e61d2.jpeg
3 ýyl ozal
Hazar sebitiniň ulag-logistikasyna degişli halkara forum geçiriler

26-27-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy 2023» ady bilen halkara forum geçiriler. Oňa hazarýaka döwletleriň, şeýle-de Hindistanyň ulag we logistika boýunça wekilleri gatnaşarlar. Bu barada forumcaspian.ru web-saýty habar berýär.

163ff65a7ed2e5.jpeg
3 ýyl ozal
Ahal welaýatynda 1-nji martdan 50 sany täze «Toyota Corolla» taksileri ilata hyzmat edip başlady

Ýakynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Ahalawtoulag» önümçilik birleşigine «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 50 sanysy gelip gowuşdy. Bu barada agzalan birleşigiň resmi web saýtynda habar berilýär.

163fef4c371d3c.jpeg
3 ýyl ozal
«Demirýollary» AGPJ işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirer

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirmek üçin potratçy seçip almak boýunça №DÝ/AGPJ-028 belgili açyk halkara bäsleşigini yglan etdi. Bu barada türkmen metbugatynda bildiriş berildi.

163feea9ba3c38.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanda ilkinji ýokary tizlikli demirýol şahasy Arkadag şäherinden çekiler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy geçen hepdäniň şenbe güni Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen nobatdaky tanyşlygynyň barşynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän awtomenziliň we awtotoplumyň, şeýle-de demir ýol menziliniň taslamalary durmuşa geçirilende halkara derejede bildirilýän talaplardan ugur alynmalydygyny, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýratyn belledi.

163fee6551f34b.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ilçisi BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag komitetiniň 85-nji mejlisinde çykyş etdi

Golaýda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 85-nji mejlisiniň çäklerinde «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň howanyň durnukly üýtgemegine, uglerod zyňyndylary pes bolan ulag düzümlerine geçişiniň elýeterli bolmagyny hem-de mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» mowzugyna bagyşlanyp bilelikde çäre geçirildi.

163fe5fd825ae0.jpeg
3 ýyl ozal
KÄMILLIGE BARÝAN MENZILLERDE

Kämillige barýan menzillere ýetmek üçin her kim bir ýodany saýlaýar. Kimler döredijilik, kimler daýhançylyk, kimler bolsa beýleki zerur hünärleri saýlap, şol ugurda taplanyp, hünärini kämilleşdirip, il-güne, watana gerekli adamlara öwrülýärler, kämillige  ýetýärler. “Yhlasa myrat”  diýleni, her bir çekilen halal zähmet özüniň datly miwelerini bolluk bilen  eçilýär. Çünki biz arzuwlaryň hasyl bolýan jenneti mekanda ýaşaýarys.

163fcf5c89163b.jpeg
3 ýyl ozal
Milli aragatnaşyk ulgamy halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen BMG-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda Taslama resminamasyna» gol çekildi

163fcf35ecad7e.jpeg
3 ýyl ozal
«Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýiji tapgyry geçirildi

27-nji fewralda paýtagtymyzyň «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň «Altyn» toý mekanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmenhowaýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň gelin-gyzlarynyň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýiji tapgyry geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.