Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1622cea92d8365.png
3 ýyl ozal
MYNASYP DALAŞGÄRE SES BERERIS

Mälim bolşy ýaly, şu gün 12-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär. Ol hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasat ynyň, alyp barýan beýik işleriniň, Garaşsyz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüş-özgerişleriniň dowamaty hökmünde taryha girer.

1622c6324c2b62.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar gününde ulag we aragatnaşyk hyzmatlary ýokary hilli üpjün edilýär

Saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň resmi web saýtynda onlaýn usulda görkezilýär. Göni ýaýlymyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan saýlaw uçastoklaryna optiki-süýümli kabel çekilip, web-kameralar gurnaldy.

1622cec906ba4a.jpeg
3 ýyl ozal
TULM: Eýranyň Inçeburun stansiýasyndan Hytaýa ilkinji konteýner otly ýola çykdy

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine anna güni beren maglumatlaryna görä, Inçeburunda gips ýükli 42 sany 40 futluk konteýner türkmen demir ýol wagonlaryna ýüklendi. Eýran-Türkmenistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça otly sişenbe güni ýola düşdi.

1622a14d9c879f.jpeg
3 ýyl ozal
«HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY» halkymyzyň abadançylygynyň nusgasydyr

Taryha göz aýlasak, «Türkmenis­tan­ —­ pa­ra­hat­çy­ly­gyň­ we­ yna­nyş­ma­gyň­ Wa­ta­ny»­ ýy­ly­nyparahatçylygyň, dost-doganlygyň, durnukly ösüşiň ykbaly bilen baglap, Diýarymyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen has-da jebisleşendiginiň anyk mysalyny ýurdumyzda we halkara jemgyýetçiliginde bolup geçen nusgalyk duşuşyklaryň, çäreleriň, bitirilen beýik işleriň netijesinde aýdyň görýäris. Bu beýik ösüşleriň ählisiniň sakasynda Arkadag Prezidentimiziň älem-jahana ýaýýan belent taglymaty dur.

16227aa804c7cb.jpeg
3 ýyl ozal
Ýurdumyzyň demir ýollary döwrebaplaşdyrylar

«Türkmendemirýollary» agentliginiň amala aşyrýan esasy maýa goýum taslamalary şu ýyl demir ýollaryň durkuny täzelemäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdiriler ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

1622176d647f8a.jpeg
3 ýyl ozal
"Aşgabat şäher telefon ulgamy" ÝGPJ enjamlar bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

"Aşgabat şäher telefon ulgamy" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tele we radio ýaýlym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamasy üçin gerekli enjamlary hem-de ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek, gurnamak we işe girizmek boýunça halkara tender yglan edýär (ýerleşýän ýeri – Aşgabat ş.)

1621e76ff9973c.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň nobatdaky halkara üstünligi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň halkara görkezijiniň sanawyna – «THE World Young University Rankings-2022» girizildi.

1621e75aee0794.jpeg
3 ýyl ozal
Demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibi tassyklanyldy

“Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibi tassyklanyldy.

1621e78ccbfe83.jpeg
3 ýyl ozal
ÝURDUMYZYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY: YGTYBARLY HYZMATDAŞLYK UGRY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulaglar pudagy toplumynda uly özgerişler we ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ulaglar ulgamynyň goşýan goşandy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ulaglar düzümini düýpli, şol sanda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam edýär.

1621d8319853c6.jpeg
3 ýyl ozal
Tehnika we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan ylmy maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2022-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.