Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«Türkmenistan» awiakompaniýasy fewral aýynyň ikinji ýarymynda amala aşyryljak içerki gatnawlaryň tertibini hödürledi
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, ýurduň dürli ugurlaryna amala aşyryljak uçuşlaryň gyş tertibi 2022-nji ýylyň 15-nji fewralyndan başlap güýje girizildi.

GEÇMIŞDEN ŞU GÜNE, ŞU GÜNDEN ─ GELJEGE UZAÝAN ÝOLLAR
Geçmişden şu güne, şu günden geljege barýan ýollar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Şu günki gün ýurdumyzda ulag düzüminiň utgaşdyrylan ulgamy döredilip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden uzaýan halkara we sebitara ýollar dünýäniň gujagyna aralaşýar, ak ýollar halklary birleşdirýär, yklymlary ýakynlaşdyrýar» diýip belleýär.

Berkarar döwletimiziň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň öňunde goýlan wezipeler
Hormatly Prezidentimiz geçen 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, öňümizdäki 30 ýyl üçin iň möhüm wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etjek döwlet durmuşynyň beýleki örän möhüm soraglaryna seretmek üçin Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Türkmenistan Russiýadan satyn aljak wagonlarynyň sanyny artdyrmakçy
«Türkmendemirýollary» agentligi Russiýadan 2 müňe golaý ýük wagonyny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu baradaky maglumat Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrligi tarapyndan ýanwar aýynda taýýarlanan Russiýadan eksport ediljek önümlere gelen sargytlaryň täzelenen sanawynda ýerleşdirildi.

Halk maslahaty mynasybetli paýtagtyň jemgyýetçilik awtobuslary ýörite hatlar bilen bezeldi
11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi mynasybetli «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslaryna ýetip gelýän Halk maslahatyny mahabatlandyrýan ýazgylar ýazyldy.

"TÜRKMENISTAN" AWIAKOMPANIÝASY TÜRKMENABAT-BIŞKEK-TÜRKMENABAT UGRY BOÝUNÇA ÝÜK GATNAWYNY AMALA AŞYRYP BAŞLADY
2022-nji ýylyň 6-njy fewralyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hepdede iki uçuş ýygylygy bilen Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça yzygiderli ýük gatnawyny amala aşyryp başlady.

Halkara ulag hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, ähli pudaklaryň ösüş ýagdaýyny, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, nou-haulary ornaşdyrmak ugrunda birnäçe ähmiýetli işler amala aşyryldy.

TALYPLAR TANYŞDYRYLYŞ GÖÇME TEJRIBE OKUW SAPAGYNY GEÇDILER
Eziz Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gujagynda dogan her gün täze zähmet üstünliklerini buşlaýar, halkymyz ýagşy umytlar bilen röwşen geljege ynamly gadam urýar. Bagtyýarlyk bilen batlanýan, berkararlyk bilen beýgelýän mähriban Diýarymyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýaşlara döwrebap bilim almak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin giň şertler döredilýär.

«Altyn asyr» ÝGPJ Auditor barlag işlerini geçirmek üçin bäsleşik yglan etdi
«Altyn asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2022-nji ýyl boýunça maliýe işjeňligine we hasabatlylygyna Auditor barlag işlerini geçirmeklik maksady bilen, auditorlyk işini amala aşyrýan ýuridiki taraplary (Auditorlary) bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.

Belet film - öýüňiz üçin online kinoteatr
Öň habar berişimiz ýaly, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň IP telewideniýe hyzmatyndan peýdalanýan müşderileri üçin täze, Belet Film hyzmatyny hödür edip başlady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.