Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

ÝYLYŇ ILKINJI AÝY
Ýolagçy gatnatmakda-da, ýük daşamakda-da, beýleki hyzmatlar boýunça-da döwrebap hyzmatlary ýola goýmak milli Liderimiziň ýurdumyzdaky ulag kärhanalarynyň wekillerinden ilkinji talaby. Munuň üçin şeýle kärhanalaryň mümkinçilikleri yzygiderli artdyrylyp, her ýyl ulaglaryň täze tapgyrlary ýurdumyza getirilýär. Şeýle bolansoň, ýokarda görkezilen hyzmatlar boýunça işler göwnejaý alnyp barylýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy fewral aýynda içerki gatnawlaryň tertibini hödürledi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web saýtynda, 2022-nji ýylyň 2-nji fewralyndan güýje girýän Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň täze tertibini ýerleşdirdi.

Fiziki şahslar, döwlet hem-de hususy kärhanalar üçin awtobuslary onlaýn görnüşde kärendä almak hyzmaty ýola goýuldy
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy fiziki şahslara, şeýle-de hususy kärhanalara we döwlet edaralaryna awtobuslary onlaýn görnüşde kärendesine almak hyzmatyny hödürleýär.

“Duralga” ykjam goşundysy – ýolagçylaryň sanly komekçisi
“Türkmenawtoulaglary” agentligi Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi we ähli awtobus duralgalarynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat almak üçin döredilen täze “Duralga” ykjam goşundysyny hödürleýär. Ykjam goşundy häzirki wagtda Android operasion ulgamyna ýükläp almak üçin elýeterdir.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna «Onlaýn taksi» sargyt hyzmaty işe girizildi
Aşgabatda taksi sargyt etmegiň täze hyzmaty bolan «Onlaýn taksi» ykjam goşundysy işe girizildi. Bu hyzmaty «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýola goýdy.

Täze halkara üstünlikler we giň gerimli maksatlar
Dünýä derejesindäki bilim, ylym we innowasiýa ösüşlerini kämilleşdirýän hem-de telekommunikasiýa we informatika pudagynda mümkin bolan hyzmatlarynyň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyrýan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýurdumyzyň abraýly bilim ojaklarynyň hatarynda ýaş tehnologiýa hünärmenlerini taýýarlaýar.

Türkmenistanda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanylmaga berildi
Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden, Tejen, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Lebap welaýatynyň Kerki, Mary welaýatynyň Baýramaly etraplarynyň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölümleriniň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanmaga berildi.

Ýurdumyzda awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň we ýapylmagynyň tertibi barada karar kabul edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyň tabşyrygyna laýyklykda, awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

ULAG DIPLOMATIÝASY — ÜSTÜNLIKLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, günsaýyn ösýär, özgerýär, üstünlikleriň iň täze sepgitlerine eýe bolýar. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da ulag pudagynda hem gazanylýar.

Türkmenistan bilen Täjigistany göni demir ýol gatnawy birikdirer
Täjigistanyň Wekiller palatasy duşenbe güni Türkmenistan bilen demirýol ulagy pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky şertnamany tassyklady. Bu barada Täjigistanyň mejlisiniň resmi web saýty habar berdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.