Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
161f0afd0b6e83.jpeg
3 ýyl ozal
AGTS "Belet Film" onlaýn kinosy üçin IP týunerlerini hödürleýär

2021-nji ýylyň dekabrynda "Aşgabat şäher telefon ulgamy" ÝGPJ üpjünçisiniň ulanyjylary üçin “Belet Film” onlaýn kino hyzmaty elýeterli boldy. Bu hyzmat diňe internet enjamyna däl-de, diňe IP enjamyna birikmek arkaly mümkindir. Hyzmaty AGTS-iň resmi web sahypasyndaky şahsy hasabyňyz arkaly birikdirip bilersiňiz.

161ef07a0d68b8.jpeg
3 ýyl ozal
ÝÜK HOWLULARY – SEBIT ÄHMIÝETLI ÝÜK GATNAWLARYNYŇ MÖHÜM NOKADY

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam etdirilýär. Muny ýurdumyzyň ulaglar ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işlerden hem görmek bolýar.

161edb3033ceae.jpeg
3 ýyl ozal
Halkara ulag ulgamynda özara hyzmatdaşlyk barha berkeýär

Bu barada ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabatynda belläp geçdi.

161eb6b48aff10.jpeg
3 ýyl ozal
Raýatlarymyza jemgyýetçilik ulaglarda ýokanç kesellerden goranmak barada maslahat berilýär

Raýatlarynyň jemgyýetçilik ulaglarynda ýokanç kesellerden nähili ýagdaýda goranyp biljekdigi barada maslahatlar berilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde beýan edilýär.

161eb6aab03774.jpeg
3 ýyl ozal
Astrahanyň gämi zawody Türkmenistandan we Eýrandan sargyt almakçy

“Krasnyýe Barrikady” gämi abatlaýyş zawody deňiz buraw desgalaryny, platformalary we dürli maksatly beýleki gämileri gurmakda ýöriteleşendir.

161eb69e946712.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 2021-nji ýylda 60%-e golaý artdy

2021-nji ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 881 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

161eb68e84526d.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollary» ýerli gatnawlaryň tertibine üýtgeşmeler girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berlişine görä ýurduň dürli ugurlaryna uçuşlaryň üýtgedilen gyş tertibi 2022-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda güýje girýär.

161ea1822aa045.jpeg
3 ýyl ozal
Ösüşiň strategik maksatlary

Internet döwrümizde iň esasy sözleriň biri web sahypasy bolup durýar. Web sahypalary durmuşymyzyň dürli şertlerinde zerur bolup biljek resminamalaryň ýygyndysydyr. Olar boýunça döwlet hyzmatlaryndan oturan ýeriňizden aýrylman peýdalanmak mümkinçiligi, harytlary satyn almak-onlaýn söwda hyzmatlary, maglumat ibermek we tapmak, bilim almak, dünýäniň islendik nokady bilen aragatnaşyk gurmak, dürli aň-düşünjelerimizi artdyryp biljek oýunlary oýnamak mümkinçiligi giňden ulanylýar.

161e6d9b7e96a7.png
3 ýyl ozal
TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY

Şu ýylyň 14­-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-­nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Ulag pudagy dünýäde globallaşma hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendirýän ýagdaýlaryň biri bolup, durnukly ösüşi üpjün etmegiň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrülýär.

161e477ce61c43.jpeg
3 ýyl ozal
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” tassyklandy

Hormatly Prezidentimiziň 14-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de şunuň bilen baglylykda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.