Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Durnukly ösüş ulag-aragatnaşyk hyzmatlarynyň girewidir
Hormatly Prezidentimiziň 6-njy maýda geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.

Ýurdumyzda ýerli howa gatnawlary doly ýola goýlar
Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe anyk tabşyryklary berdi.

«Türkmentelekom» domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýär
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy resmi saýtynda domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär. Hyzmatyň esasynda korporatiw poçta döretmek üçin salgylanmadaky anketany doldurmak gerek bolýar. Korporatiw poçtada kärhananyň adyny, hünärmeniň adyny ýa-da familiýasyny, şeýle-de islendik bir sözi ulanmak bolýar.

SAZLAŞYKLY IŞLERIŇ AÝDYŇ NETIJESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny mundan beýlägem gowulandyrmak, mähriban Watanymyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde häzirki zaman sanly tehnologiýalar we intellektual ulgamlar ornaşdyrylar
Bu barada hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Kazan — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 1-nji maýynda Kazan — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan.com web saýtynda habar berilýär.

TMCELL ilata ýol hereketiniň düzgünleri boýunça SMS habarnamalaryny iberdi
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderilerine SMS habarnamasynyň ikisini ýollady. SMS habarnamasynyň birinjisinde pyýada hereket edilende ýoluň gyrasynda we dynç alyş ýerlerinde döredilen ýaşyl zolaklary basmazlyk, üstünde oturmazlyk, şeýle-de pyýadalar üçin ýörite niýetlenen ýerlerden geçmek ýatladylýar.

“Türkmen hemrasy” ýerüsti antennasy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär
Döwlet edaralaryna we hususy kärhanalara uzakdaky desgalaryň we merkezi ofisleriň arasynda özara internet arkaly baglanyşmaklary üçin hem-de zerur bolan önümçilik ýerlerinde häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak maksady bilen, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ykjam VSAT (kiçi ýerüsti antenna) terminalyny gurnamak arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär.

Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn töleg etmek hyzmaty girizildi
«Türkmentelekom» EAK-nyň Ahal welaýatyndaky müşderileri üçin şäher telefon ulgamynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi döredildi. Bu barada aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.