Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Laçyn» seýilgähi — döwrebaplygyň nusgasy
Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz boýunça amala aşyran bu sapary bilen, aýratyn hem «Laçyn» diýlip atlandyryljak täze seýilgähiň mümkinçilikleri, ähmiýeti bilen baglanyşykly «Türkmenhowaýollary» agentliginde hem maslahat geçirildi.
“Türkmenhowaýollary” agentligi ilkinji gezek “Airbus a330-200” kysymly ýük uçary bilen doldurylar
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan howa gatnawlarynyň häzirki zaman ulag ulgamynyň kemala gelmegi, ýük gatnawlarynyň we ýolagçy gatnawlarynyň kämilleşdirilmegi ugrunda netijeli işler, dürli amatlyklar döredilýär.
ösüşleri nazarlaýan SANLY YKDYSADYÝET
Durmuşymyza giňden ornaşdyrylýan tehnologiýalaryň ösmegi ähli işleri ýeňilleşdirýär, ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge giň mümkinçilikleri açýar. Tehnologiýalaryň kämil işi esasynda milli tejribämize ornaşdyrylýan sanly ulgamyň giň gerime eýe bolmagy hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de bäsdeşlige ukyplylygyna güwä geçýän möhüm talaplarynyň biridir
Demirýolçularda geçirilen hoşallyk maslahaty
Ýakynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy hem-de «Türkmendemirýollary» agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Türkmen-owgan gatnaşyklary — parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgasy» atly maslahat duşuşygy hem Watanymyzyň şu günki ýeten sepgitlerini şöhlelendirdi.
ELEKTRON HYZMATLAR PORTALY HALKYŇ HYZMATYNDA
Milli Liderimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde sanly ulgamy ösdürmek bilen döwrebap dolandyryş ulgamyny kemala getirmekde yzygiderli işler alnyp barylýar we bu ugurda uly üstünlikler gazanylýar.
MÖHÜM PUDAK OKGUNLY ÖSÜŞLERIŇ UGRUNDA
Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmegi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň göwrümli işler dünýäniň köp ýurtlarynyň we abraýly halkara guramalarynyň ünsüni çekýär. Türkmenistan döwletimiz bilen goňşy Owganystan döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlyklar hem barha rowaçlanýar we täze many-mazmuna eýe bolýar.
halkara kommunikasiýa köprüsi ösüş ýolunda
Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan diplomatik syýasatynyň dabaralanmagy bilen ýurdumyz dünýä bileleşiginde sebitara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň berkidilmegine ähmiýet berýär.
TÜRKMEN — AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE DEREJESI
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» goňşy döwletler bilen ysnyşykly we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezilýär.
DÖWREBAP HYZMATLARYŇ GERIMI GIŇEÝÄR
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hormatly Prezidentimiziň kommunikasiýalar ulgamynda syýasatyny durmuşa geçirýän, şeýle hem bu ulgamyň işine döwlet gözegçiligini amala aşyrýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.
HALKARA POÇTA HYZMATY HALKYŇ HYZMATYNDA
Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin öňde goýlan maksatlary anyk we netijeli durmuşa geçirmekde we milli ykdysadyýetimize güýçli itergi berýän «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň poçta gullugynyň hem orny uludyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.