Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Russiýanyň gubernatory Türkmenbaşy bilen Astrahanyň arasynda kadaly uçar gatnawlaryny açmaklygy teklip etdi
Astrahan oblastynyň gurbernatory Igor Babuşkin Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşugynyň dowamynda Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda kadaly uçar gatnawyny ýola goýmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi – diýip, TASS habar berýär.
«Hazar — dostluk deňzi» motokerweni Türkmenistana geldi
1-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan badalga alan «Hazar – dostluk deňzi» atly motoýörişe gatnaşyjylar Türkmenistana geldiler. Bu barada «Astrahan 24» saýty habar berýär. Motoýörişe gatnaşyjylaryň ilkinji duralgasy Gazagystanyň Atyrau, ikinji düşelgesi bolsa Mangistau welaýatlary boldy.
Türkiýe 13 müň tonna golaý türkmen gämi ýangyjyny import etdi
Türkiýe 2022-nji ýylda Türkmenistandan 15,54 müň tonnadan gowrak gämi ýangyjyny import etdi. Türkiýe şu ýylyň ýanwar aýynda 12 müň 896 tonna türkmen gämi ýangyjyny import etdi. Bu barada Türkiýäniň Energetika bazaryny düzgünleşdiriji edara (EPDK) salgylanyp, "Trend" agentligi çarşenbe güni habar berdi.
«Demirýollary» AGPJ-niň wekilleri Belarus demir ýollary edarasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdiler
Belarus Respublikasynda iş saparynda bolýan «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Belarus demir ýollary edarasynyň wekilleri bilen duşenbede iş duşuşygyny geçirdiler.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde sport çäresi geçirildi
Şu gün, 5-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde «Sport – kämillige we sagdynlyga badalga” atly sport çäresi geçirildi.
Türkmenistan halkara motoýörişe gatnaşyjylary garşylar
«Astrahan 24» saýty 1-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan badalga alan «Hazar ― dostluk deňzi» atly motoýörişe gatnaşyjylaryň Türkmenistana gelendiklerini habar berdi.
Azerbaýjana awtoulag arkaly ýük daşalyşynyň ýönekeýleşdirilmegi türk harytlarynyň Türkmenistana daşalmagyny ýeňilleşdirer
Azerbaýjan aňsat ot alýan materiallaryň daşalmagy üçin tölegi, uly ýük awtoulaglary üçin şäher salgydyny ýatyrdy, araçäkden geçilmegi üçin ýygymlary azaltdy we olaryň çägini 41 tonna çenli artdyrdy – diýip, respublikadaky türkmen ilçihanasy habar berýär.
Hytaý Halk Respublikasyna syýahat etmegi meýilleşdirýän ýolagçylar üçin habar berýäris!
Öň habar berşimiz ýal, “Türkmenistan”awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2023-nji ýylyň mart aýynyň 19-dan başlap, Aşgabat – Pekin – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlaryny ýerine ýetirip başlady.
Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portaly resmi taýdan işe başlady
4-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisiniň çäklerinde Söwda-maglumatlar portaly resmi taýdan işe girizildi.
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ KOMITETI AŞGABATDA DUŞUŞYK GEÇIRER
Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada golaýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.