Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
164a7a10ecc691.jpeg
2 ýyl ozal
«Ýüpek ýoly» halkara rallisi badalga aldy

Düýn — 6-njy iýulda Tatarystanyň Müňýyllyk meýdanynda ralliniň açylyş dabarasy geçirildi. Şeýlelikde, ýaryşa gatnaşýan 98 ekipaž ýeňiş üçin 5241 kilometrlik menzili külterlemeli bolar. Şonuň 2277-si tizlikde geçilmeli böleklerdir.

164a677aa664f1.jpeg
2 ýyl ozal
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

6-njy iýulda Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikdäki  zähmet çekýän sürüjileriň gatnaşmaklarynda  ilata edilýän medeniýetli awtoulag hyzmatyny ýokarlandyrmakdaky  alnyp barylýan işleri göz öňüne tutup sürüjileriň işe bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen  «Awtoulag hyzmaty durmuşyň aýrylmaz bölegidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi gurnaldy.

164a662e895294.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” amatly nyrhlarda ýük konteýnerleri kärendesine berýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gyzklanma bildirýän taraplara amatly nyrhlarda ýük konteýnerleri kärendesine ulanmaga berýär.

164a65db57db2d.jpeg
2 ýyl ozal
“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan halkara tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-026 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

164a651b931c52.jpeg
2 ýyl ozal
Arkadag şäheriniň öýleri «Arkadagly ýaşlar» programmasy arkaly dolandyrylýar

Arkadag şäherindäki öýlerde «Arkadagly ýaşlar» programmasy hyzmat edýär. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, programma «akylly» öýe degişli buýruklary özbaşdak ýerine ýetirer ýaly taýýarlandy.

164a51110db206.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenbaşydaky Awtoulag kärhanasy «Taksi hyzmatyndan» peýdalanmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşydaky Awtoulag kärhanasy «Taksi hyzmaty» atly hyzmatynyň hereket edýändigini ýatladýar.

164a50dfe0d547.jpeg
2 ýyl ozal
Arkadag şäherinde geçirilen halkara forumda ulag ulgamynyň ösüşleri maslahatlaşyldy

Golaýda Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumynda ulag we logistika ulgamy beýleki ulgamlar bilen bir hatarda geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

164a50b85e2e77.jpeg
2 ýyl ozal
Döwlet ähmiýetli şäherde intellektual ulag ulgamy ornaşdyryldy

Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ekologik ülňülere laýyk gelýän hem-de sanly tehnologiýalar esasynda işleýän şäher ulaglary hyzmat eder.

164a502783943b.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly kämilleşdirildi

Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşaýjylaryň jemagat hojalygy hyzmatlaryndan onlaýn we elýeterli peýdalanmagy üçin döredilen e.ashgabat.gov.tm salgyly sanly hyzmatlar portaly täze mümkinçiliklere eýe boldy. Bu barada şäher häkimliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

164a3a731cb590.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi iki daşary ýurt kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdi

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti” we “Delta Telecom Ltd” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamalary baglaşdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.