Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar ýurdumyza geldiler
Ýäňy-ýakynda «Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar «Farapawtoýollary» gümrük nokady arkaly ýurdumyza geldiler. Olar güler ýüz bilen garşy alyndy.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda 32,34% ýokarlandy
Eýranyň Türkmenistan bilen söwdasy (çig nebit eksportyndan başga) häzirki Eýranyň senenamasynyň geçen maliýe ýylynda (2022-nji ýylyň 21-nji martyndan 2023-nji ýylyň 20-nji martyna çenli) geçen 2021-2022-nji ýyllar bilen deňeşdirilende 32,34 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Financial Tribune” agentligi geçen hepdäniň çarşenbe güni habar berdi.
ÝAŞ HÜNÄRMEN ÜSTÜNLIKLI ÝOLLARDA
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikler, giň şertler döredilýär. Bu bolsa öz işini ussatlarça alyp barýan ukyp-başarnykly, giň dünýägaraýyşly türkmen ýaşlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Her bir adamyň üstünlige ýetmeginiň arkasynda bir syry bardyr, Watana il-gününe bolan ynamy, söýgüsi, ýadawsyz çekýän zähmeti, maşgalasyna bolan mähri çäksiz bolmaly.
Aşgabat ulag ulgamy boýunça halkara foruma we sergä taýýarlanýar
Aşgabatda 3-4-nji maýda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk görülýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hünärmenleri azerbaýjanly we gyrgyzystanly kärdeşleri bilen ýük dolanyşygynyň artyşyny ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri awtoulag boýunça Bilelikdäki komissiýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde özleriniň azerbaýjanly kärdeşleri bilen ýük daşamalaryň artmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan Aziýada ulag ulgamyny özgertmek boýunça maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň wekilleri Demirgazyk we Merkezi Aziýada demir ýollaryň we multimodal daşamalaryň sanly transformasiýasy boýunça bilermenleriň Ikinji maslahatyna gatnaşdylar, onuň barşynda taraplar howpsuz, durnukly we elýeterli ulag daşamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çäre Almatada, Gazagystanda geçdi.
«Dostluk kerweni» awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistanda boldular
«Dostluk kerweni» ady bilen geçirilýän halkara awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistana gelip gördüler. Bu barada «МИР 24» teleýaýlymy habar berdi.
«Sian – Merkezi Aziýa» tiz otlusy işe girizildi
Mälim bolşy ýaly, 26-njy aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Mejlisiň çäklerinde daşary işler ministrleri Hytaý – Ýewropa demir ýolunyň Çanan ýörite ýük otlusynyň işe başlamagy mynasybetli dabara gatnaşdylar. Bu tiz ýük otlusy Hytaýyň Sian şäherinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna gatnaw amala aşyrar. Otlynyň 12 günüň dowamynda Daşkent şäherine gelmegine garaşylýar.
Türkmenistan Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň mejlisini geçirer
2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan sanly ulgam arkaly Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň ýygnagynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
AŞGABATDA “HALKARA ULAG WE ÜSTAŞYR GEÇELGELER: ÖZARA BAGLANYŞYK WE ÖSÜŞ” HALKARA FORUMY GEÇIRILER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda üstünliklerimiz üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygider ýokarlanýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.