Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
BILIM ULGAMYNDA MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARY
Hünär okuwyndaky bilim tehnologiýalaryna ylmy we inženerçilik bilimleri ulgamy, şeýle hem mowzukda maglumat döretmek, ýygnamak, geçirmek, saklamak, gaýtadan işlemek üçin ulanylýan usullar we gurallar hökmünde düşünilýär.
Aşgabat – Türkmenabat - Aşgabat ugry boýunça şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar
2021-nji ýylyň iýun aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde hepdede üç gezek Aşgabat – Türkmenabat we Türkmenabat – Aşgabat awtobus gatnawlary ýola goýlar.
ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGY - DÖWREBAP HYZMATYŇ NUSGASY
Hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
DEMIR ÝOL ULAGLARY ULGAMY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda ulaglar pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar.
TÜRKMENISTANYŇ ULAG ULGAMY DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ösüşli özgerişliklerde ulag ulgamynyň ähmiýeti bimöçberdir.
Türkmenistan iýun aýyndan başlap ýolagçy otly gatnawlaryny artdyrar
Türkmenistanda 1-nji iýundan başlap synag hökmünde hepdäniň penşenbe we şenbe günleri Türkmenabat–Gazojak we Gazojak–Türkmenabat, Türkmenabat–Amyderýa we Amyderýa–Türkmenabat, Mary–Serhetabat we Serhetabat–Mary ugurlary boýunça ýolagçy otly gatnawlary ýola goýlar. Bu barada “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berilýär.
Ýurdumyzyň halkara ulag-kommunikasiýa gatnaşyklary berkeýar
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan amala aşyrylýan öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti uly ösüşlere eýe bolýar. Daşary ýurtlar, hususanda goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy halklaryň arasynda dostluk duýgularyna ýugrulan hoşniýetli gatnaşyklaryň has hem pugtalanmagyna ýardam berýär.
AŞGABADYŇ TARYHYNDAN
Şu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. «Aşgabady jennet mekana öwürmek meselesi öňümizde goýan maksatlarymyzyň esaslarynyň biridir» diýip, buýsanç bilen nygtaýan Arkadag Prezidentimiziň bu ugurdaky aladalary netijesinde bu gün ak mermer paýtagt şäherimiz, hakykatdan hem, Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi
Türkmenistan - BMG: işjeň halkara hyzmatdaşlyk
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Eziz Diýarymyzda ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alnyp, dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar giňden ýola goýulýar.
Türkmenistanyň Gazagystana eksporty iki essä golaý artdy
Türkmenistandan Gazagystana eksport edilen önümleriň möçberi 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 99,2% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi anna güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.