Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16745546428614.jpeg
7 aý ozal
TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.

16745689131a82.jpeg
7 aý ozal
«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi

Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler:

16745529d394f4.jpeg
7 aý ozal
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.

1674556081043f.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy.

16744036dca714.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistanda Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk başlanýar

Dekabr aýynda Türkmenistanda giň gerimli täze ýyl çäreleri, şol sanda Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy, baýramçylyk konsertleri we medeni maksatnamalar geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

16744016a6f7a5.jpeg
7 aý ozal
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini şertlendirýär.

16740116a05db5.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistan we Damen Shipyards deňiz zemsnarýadlaryny bilelikde öndürmek barada maslahatlaşdylar

Golland gämigurluşyk kompaniýasy Damen Shipyards we «Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawody 18-nji noýabrda deňiz zemsnarýadlaryny bilelikde öndürmek barada gepleşikler geçirdiler, bu barada nCa habar berýär. Duşuşyk Kommer Dameniň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň Türkmenbaşy şäherindäki kärhanasyna sapary wagtynda geçirildi.

167400daeb5134.jpeg
7 aý ozal
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» atly (ITTC-2024) atly III halkara foruma taýýarlyk dowam edýär

26-27-nji noýabrda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» atly (ITTC-2024) atly III halkara maslahatyň we serginiň meýilnamasy ýaşyl tehnologiýalaryň integrasiýasy, sanlylyga geçiş, multimodal ulag ösüşi we ekologiýa taýdan arassa logistika, halkara ulag we üstaşyr geçelgeler arkaly özara baglanyşygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly iň möhüm mowzuklaryň toplumyny öz içine alýar.

167400a44963d4.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistan bilen ÝB möhüm ulag taslamalary we olary maliýeleşdirmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ileri tutulýan ulag taslamalaryna we halkara hyzmatdaşlyk arkaly olary maliýeleşdirmek meselelerine garadylar. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu maslahatlaşma çarşenbe güni ÝB-niň Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek boýunça utgaşdyryjy platformasynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatynyň dowamynda geçirildi.

167400e7f66280.jpeg
7 aý ozal
«RŽD-Medisina» Türkmenistana sapar bilen geldi

Russiýanyň Türkmenstandaky ilçisi Iwan Wolynkin «Миссия Добро» Halkara programmasynyň çäginde Aşgabada gelen «RŽD-Medisina» klinikalar ulgamynyň lukmanlarynyň delegasiýasy bilen duşuşdy, Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň habar beriş gullugy habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.