Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistanyñ Döwlet elektron portalynyň hyzmatlary giňeýär
Türkmenistanlylaryñ köp berýän soraglarynyñ biri "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiñ "e.gov.tm" Türkmenistanyñ döwlet hyzmatlarynyň we wezipeleriniň bitewi portalynda nädip hasabyňy döretmeli?"
Türkmenistanda üstaşyr ýük geçirişiň möçberi 417,3 müň tonna barabar boldy
2015-nji ýyldan 2025-nji ýylyň birinji ýarymyna çenli döwürde Türkmenistanyň üstünden geçirilen üstaşyr ýükleriň möçberi 417 müň 340 tonnadan, üstaşyr howa gämileriniň gonuşlarynyň sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen IRU ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegine garadylar
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň anna güni Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny çekmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa döwlet saparynyň dowamynda ýurduň Imperatory Naruhito bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ýaponiýanyň tehnologiýa ösüş babatda ýokary derejelere ýetendigini hem-de öz ýurdunyň milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak işine öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny çekmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi geçiriler
2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly ählumumy halkara sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
“Türkmentelekom” EAK-nyň hyzmatlaryny birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmalary kabul edýär
“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň saýtynda Türkmenistanyň islendik ýaşaýjysy, ýaşaýan ýerine garamazdan Internet, öý telefony ýa-da kabel TV ýaly hyzmatlary birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryp biler.
Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlary sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Ýakynda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sian şäherinde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýaşlaryň bilelikdäki ösüşine ýardam bermek meselelerine bagyşlanan dialog geçirildi diýip, «Sinhua» habarlar agentligi Hytaýyň Kommunistik ýaşlar birleşiginiň Merkezi komitetine salgylanyp habar berýär.
Çendu bilen Merkezi Aziýanyň arasynda bellenen tertip boýunça ýük otlulary hereket edip başlady
2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden Hytaýdaky Çendu şäheriniň we Merkezi Aziýanyň arasynda bellenen tertip boýunça ýük otlulary hereket edip başlady. Çenduny Özbegistanyň Daşkent şäheri bilen birleşdirýän bu ugur halkara demir ýol gatnawynda möhüm ädim bolup durýar.
Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça amaly sapaklar geçirildi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky “Sanly çözgüt – IT meýdança” hojalyk jemgyýetiň binasynda kiberhowpsuzlyk boýunça amalay sapaklar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşýar
Şu ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi geçiriler. Bu abraýly halkara gözden geçirilişe Türkmenistan hem gatnaşýar. Pawilýonda daşary ýurtly myhmanlar türkmen medeniýeti, taryhy, şeýle hem döwletimiziň häzirki ykdysady, intellektual, eksport kuwwaty we mümkinçilikleri bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.