Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar
Türkmenistan we Azerbaýjan energetika we nebit-gaz pudagynda, himiýa, ulag hem-de kommunikasiýa ulgamlarynda, oba-hojalygy we azyk senagatynda, daşky gurşawy goramakda, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmegi meýilleşdirýär.
Türkmenistan BMG-nyň maksatnamasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde giň gerimli çäreleri geçirer
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji iýulda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyz tarapyndan 2025-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bilim ulgamynda täze okuw ýyly üçin ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşylar
Aşgabatda 23-nji awgustda 2025-2026-njy okuw ýylynda göz öňünde tutulan wezipelere bagyşlanan ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Awazada LLDC3 gecirmek üçin köpugurly aragatnaşyk hyzmatlary doly ýola goýuldy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) geçirmek bilen bagly telekommunikasiýa infrastrukturasynyň taýýarlygy tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde habar berildi.
Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň durky täzelenen bölekleri ulanylmaga berler
Durky täzelenen Gökdepe şaýolunyň hem-de Arkadag şäheriniň Keýmir Kör şaýolunyň degişli bölekleri we olaryň birleşýän ýerinde gurlan täze köp zolakly köpri 2025-nji ýylyň 30-njy iýulynda açylyp ulanmaga berler. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde sişenbe güni habar berildi.
Parlamentara dialog — parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makalalar toplumynyň ozalky sanlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary wekilçilikli forumyň geçirilmegine döwletleriň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda ýurdumyzyň goşýan ägirt uly goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde garaýar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärleri, Kuala-Lumpurdaky sebit maksatnamasynda Türkmenistana wekilçilik etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň iki sany wekili, Malayziýanyň ulag Ministrliginiň goldamagy bilen Klang Porty (PKA) tarapyndan gurnalan Sebitdäki deňiz kuwwatyny ýokarlandyrmak maksatnamasyna gatnaşdylar.
Eýran demir ýol kompaniýasy Maşat — Mary gatnawyny ýola goýar
Eýran Yslam Respublikasynyň milli demir ýol kompaniýasy (RAJA) ýurduň Maşat şäherinden Türkmenistanyň Mary şäherine çenli täze halkara ýolagçy ugruny açmagy meýilleşdirýändigi barada kompaniýanyň baş direktory Jabbar Ali Zakeri mälim etdi. Bu barada “Mehr News” ýekşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň “EKSPO-2025” sergisindäki pawilýonyna bir milliondan gowrak myhman gezelenç etdi
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna bir milliondan gowrak adam baryp gördi. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Medeni diplomatiýa — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany
Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki mazmunlaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň geriminiň ähli ulgamlarda barha giňeldilýändigini bellemek gerek. Şunda medeniýet ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.