Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
ŞÖHRATLY GEÇMIŞE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy.
Ýaşlar — täze döwrüň batly gadamy
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň altyn güýzi ýurdumyzyň taryhyna ýazyljak wakalara beslenip geldi. Täze okuw ýylynyň başlanan güni — 1-nji sentýabr ýurdumyzyň ýaş nesliniň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabat şäherindäki «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi.
Iňlis dilini öwrenmekde sanly ulgamlaryň ähmiýeti
Sanly tehnologiýalar ilkinji gezek peýda bolanyndan bäri gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şunluk bilen hem, olar bütin dünýäde öwretmek we öwrenmek prosesini kämilleşdirýär. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.
Polat ýol bilen syýahat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň edýän atalyk aladalary bilen asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Dürli maksatlar üçin ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar bilen birlikde, ulag menzilleriň we ýollaryň gurluşygyna aýratyn orun berilýär.
MILLI “AK BUGDAÝ” MUZEÝI
Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halky müňýyllyklaryň ýaňyny siňdiren ýüzlerçe taryhy - medeni ýadygärliklere, edebi gymmatlyklara, golýazma çeşmelerine baýdyr» diýip örän jaýdar belleýär. Çünki, biziň ata Watanymyz Türkmenistan Merkezi Aziýada taryhy ýerlere arheologik we binagärlik ýadygärliklerine örän baý ülkedir.
AKYL ÇEŞMESI
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şahyryň halkymyza goýan edebi mirasyny dolulygyna öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Magtymguly ýaşlygyndan ylym-bilim öwrenmegi maksat edinipdir. Atasy Döwletmämmet Azadynyň, soňra oba mollasy Nyýazsalyhyň gaşynda başlangyç bilimi alandan soňra Buharadaky Gögeldaş hem-de Hywadaky «Şirgazy» medresesinde okapdyr.
BEREKEDIŇ BAÝRAMY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň netijesinde oba hojalyk pudagynda giň gerimli işlere badalga berlip, döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.
GYZYLÝARYMAÝ MILLI JEMGYÝETI «DEMIRÝOLÇUDA» MYHMANÇYLYKDA
Güneşli tomsuň bag-bakjaly gözel Gökderäniň sapaly gujagyndaky «Demirýolçy» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry dowam edýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Gyzylýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri ýaş meýletinçileri bilen bilelikde däp bolan ýörelgä eýerip, dynç alyş merkezlerinde bolup, ol ýerde «Bagtyýar çagalyk» ady bilen dürli bäsleşikleri geçirdiler.
EDEPLILIK — YNSAN BEZEGI
Maşgala ojagynyň söýesi zenan hasaplanylýar. Maşgala mukaddesligini goramak hem zenanlaryň borjy bolup durýar. Olaryň mähir-muhabbeti, yhlas-söýgüsi we terbiýe mekdebi hakyky şahsyýetleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Dogan-garyndaşyny, öý-ojagyny, söwer ýaryny, perzentlerini söýgi bilen gurşap alýan zenan uly abraýa eýedir. Hiç bir baýlyk bilen deňäp bolmaýan şu gymmatlyklara edepli zenanyň eýe bolup bilýändigi hemmelere mälimdir.
SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ARTYKMAÇLYKLARY
Türkmenistan döwletimiz sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmägä yzygiderli, sazlaşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Bu bolsa sebitiň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy derejede hem ornunyň artýandygyny göz öňünde tutmak bilen, aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.