Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Beýik ynamyň eýesi — ýaşlar
Mähriban Arkadagymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren duşuşygy bizi diýseň begendirdi we buýsandyrdy. Çünki bu möhüm çäre ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň döwletimiziň ünsünden bir pursatlyk hem sowa geçmeýändigini bütindünýä jemgyýetçiligine ýene-de bir ýola aýdyň aýan edýän ajaýyp waka boldy.
Ýurdumyzyň ulag infrastrukturasy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan köpugurly, çuňňur oýlanyşykly daşary syýasatyny dünýäde parahatçylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine halkara giňişliginde Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara ynanyşmaga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde garalýar.
Bitarap döwletimiziň halkara abraýy
Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan halkara borçlaryny mynasyp amal etmek bilen, dünýä bileleşiginiň belent münberinden umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden on bäş ýylynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Kararnamalaryň ýigrimä golaýyny kabul etdi.
Gurýan, döredýän ýurdumyz
Ýurdumyzyň gurluşyk toplumy döwletimiziň ösüş badyna bat goşýan ulgamlaryň biridir. Muňa Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemlerine bagyşlanan bilelikdäki giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan hem göz ýetirmek bolýar.
Halkymyzyň abadanlygy ugrunda
Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, ýurdumyzda mähriban Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döwletli başlangyçlar barha rowaçlanýar. Şonuň netijesinde, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýy has-da gowulanýar.
Ýoluňyz ak bolsun, uçurymlar!
Şu günler ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde uçurymlaryň gutardyş dabaralary geçirilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda okuwyny üstünlikli tamamlap, täze durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlaryň müňlerçesi bu gün saýlap alan hünäriniň eýesi boldular. Şeýle şatlykly, tolgundyryjy günlerde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem 2021-2022-nji okuw ýylynda nobatdaky uçurymlaryny işe ýollady.
ARKADAGYŇ AK ÝOLUNDAN ÖŇE BARÝAR BAGTLY ÝAŞLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan bu gün ösüşlere sary öňe barýar. Binýady berkden tutulan bu berkarar Watanda Ýaşlar hakyndaky aladalar bimöçberdir. “Ýaşlar jemgyýetiň esasy güýji bolmalydyr” diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz, bu günki gün ýaşlara uly ynam bildirýär. Bu ynamy berkitmekde bolsa Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlary goldamak, olara döwlet hemaýadyny bermek bilen alyp barýan oňyn syýasaty ýardam edýär.
Sanlylaşdyrmaga — geljege ak ýol
Arkadagly Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda mähriban Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler täze tapgyrlarda dowam etdirilýär. Muňa Arkadagly Serdarly ajaýyp zamanamyzyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
Ynsanyň iýmitlenmeginde, dem almagynda, suwsuzlygyny gandyrmagynda, pasyllara görä howa uýgunlaşmagynda tebigatyň ornunyň näderejede uludygy hemmä mälimdir. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretlerini nazara alyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär.
Türkmenistanyň Energetika diplomatiýasy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde, esasyn-da soňky on-on bäş ýylyň dowamynda ýurdumyz ägirt uly ykdysady ösüşlere beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň binýadyny goýan ykdysady syýasatynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde, ýurdumyz dünýä hojalygyna üstünlikli goşulmak bilen, yzygiderli ösýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.