Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
HALKARA ULAG FORUMY GEÇIRILDI
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan ylalaşdyryjy, sebitde howpsuzlygy saklap, hoşniýetli dostluk gatnaşyklaryny ösdürýän, halkara konferensiýalaryň, forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanyp geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahat hem öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Bitaraplyk — baky bagtymYZ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha artdyrýar. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýar
ÝAŞ NESLIŇ KÄMILLIGI TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly üstünliklere beslenýär. Bu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bütin dünýäde uludan bellenilýär. Halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar.
Ýaşlar bilen aýdyň geljegimizi gurýarys
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ýöredýän «Açyk gapylar» syýasaty bütin dünýäde uly goldawa eýe bolup, döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary netijeli ýola goýmaga mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem bu syýasatyň alnyp barylmagy, ýagny ýurdumyzyň bilim edaralarynda «Açyk gapylar» gününiň geçirilmegi ýaşlary sowat öwrenmäge we bilim almaga höweslendirmek maksadyna gönükdirilendir.
Sanly bilim – kämilligiň gözbaşy
Biziň türkmen Diýarymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Ynha, bu gün hem ýene bir biziň üçin ýatdan çykmajak şanly seneleriň birine şaýat bolup durus. Ýagny biziň 129-njy orta mekdebimizde “Açyk gapylar güni” giňden dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bu ylmy-döredijilik çärämiz “Ýaşlar bilen aýdyň geljegimizi gurýarys” diýen tema bilen esaslandyrylýar.
MILLI YKDYSADYÝETIMIZ KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ynamly ösüş ýoluny dowam etdirýär. Döwletimizde birnäçe il-ýurt bähbitli maksatnamalar kabul edilýär we olaryň kanunçylyk binýady barha berkidilýär.
TALYPLAR ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINE BAŞLADYLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimdir ylyma giň ýol açdy. Häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Şolaryň oňyn çözülmegi üçin institutymyzda uly aladalar edilýär. Professor-mugallymlarymyz enjamlaşdyrylan okuw otaglarymyzda, tejribehanalarymyzda okatmagyň oňaýly usullaryndan peýdalanyp, umumy, amaly, söhbet we tejribe okuwlaryny guraýarlar.
YNSAN KALBYNA ŞÖHLE SAÇÝAN AKYLDAR
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.
ARKADAGLY WATAN — MENIŇ WATANYM
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly, şan-şöhratly berkarar Watanymyzda ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitler eýelenýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden we pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt bähbitli giň gerimli özgertmeleriň dowamat dowam bolup, eziz Diýarymyzyň ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.
TÜRKMENISTANYŇ ELEKTRIK ENERGETIKA PUDAGY PARAHATÇYLYKLY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady taýdan ösmegine esasy itergi berýän pudaklaryň biri hem elektrik energetikasy pudagy bolup durýar. Elektrik energetikasy pudagy diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleri çözmek bilen baglanyşykly däl-de, eýsem, wajyp durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilip ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.