Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
ÝAŞULY PAÝHASY
Türkmeniñ ykbal asmanyndan nur saçýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri halkymyza diňe bir eşretli eýýamyň gapysyny giňden açyp bermän, eýsem, onuñ asyrlaryñ jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy miraslarynyñ il- günüñ köñül ganatyna öwrülmegine hem giñ mümkinçilik berdi.
Çäjiňize bereket, edermen babadaýhanlar!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny, şol sanda däneçilik ulgamyny ösdürmek işleri ylmy esasda alnyp barylýar. Bu ugurda geçirilýän işler dürli däneli ekinleriň tohumlarynyň ýokary hilli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
ÇAGA — DURMUŞYŇ GÜLI
Türkmen halky irki döwürlerden bäri çaga terbiýesine uly üns berip gelipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş neslimiziň edep-terbiýesi babatda uly işler amala aşyrylýar.
halkymyzyň milli buýsanjy
Türkmeniň halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. «El hünäri il gezer» diýlişi ýaly, asyrlardan-asyrlara aşyp, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanyp, onda ata-babalarymyzyň taryhy we medeniýeti barada syrly, gymmatly maglumatlar jemlenýär.
darak sesi — ýürek sesi
Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň agzybir durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady, syýasy we medeni özgertmeleri, türkmeniň milli buýsanjy bolan ajaýyp halylarymyzyň taryhy köklerini öwrenmek barasyndaky alyp barýan taýsyz tagallalary bizi diýseň buýsandyrýar.
WATAN Gerçeklerini HATYRALAP
Taryhymyzyň şöhratly sahypalaryna ser salanymyzda merdana ata-babalarymyzyň Watan ugrundaky söweşlerde görkezen edermenliklerine şaýat bolýarsyň. Ata Watanyň bir gysym gumuny ähli zatdan eziz saýan türkmen gerçekleri mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetlerini 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda-da aýdyň görkezdiler.
MERDANALYGYŇ MEKDEBI
9-njy maý. Dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar.
Milli hemra aragatnaşyk ulgamy ösüş ýolunda
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak wezipesini üstünlikli çözmek maksady bilen ýurdumyzda kosmos ulgamy döredildi.
At — ýigidiň ýoldaşy
Gadymy döwürlerden bäri türkmenler ahalteke atlaryny özlerine abraý we buýsanç saýyp, ony hormatlanýan ömür ýoldaşy hasaplapdyrlar. Taryhy ylymlaryň kesgitlemegine görä, ahalteke atlary öz gözbaşyny gadymy döwründen alyp gaýdýarlar.
ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY
Dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda, halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde, dünýä ylmyny ösdürmekde bimöçber hyzmatlary bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty bu günki gün eziz Diýarymyzda has-da dabaralanýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.