Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
162348aad08ea7.jpeg
3 ýyl ozal
DOWAMAT DOWAM BOLSUN

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda her bir saýlawçynyň öz mynasyp gören dalaşgärine seslerini bermegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» özboluşly badalgasydyr. Erkana Watanymyzyň täze taryhynda möhüm sahypany açýan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikleri hakynda gürrüň etmek diýseň ýakymly.

1623dc0577db02.jpeg
3 ýyl ozal
BÖTENDAG BELENTLIGI

Güneşli Diýarymyzyň uly kölleriniň biri bolan Sarygamyş kölüne barýan ýoluň çep tarapynda Gurbankem, Gyşgum, Goşahowuz ýaly çarwa obalary garagörnümden görünýän bolsa, sag tarapynda tokaý zolagynyň 20 müň gektarlyk uzap gidýän meýdan Bötendag belentligidir. Ir döwürler derýanyň boz bulançak suwundan ganyk bu toprak bag-bossanly mekan bolupdyr. Soňra derýanyň öz akym ugruny üýtgetmegi bilen, bu ýerler gugaryp ýatan çölüstana öwrülipdir.

3 ýyl ozal
Türkmenistan — sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Bitaraplygyň mekany ýylynda, baş nusgamyz Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşyň ähli pudaklarynda asyrlara barabar beýik işler amala aşyrylýar. Ösüşleriň ähli ugurlary boýunça bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýy barha artýar.

3 ýyl ozal
Milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletimiziň iň täze taryhynyň möhüm senesi bolan 2022-nji ýylyň 12-nji martynda hakyky demokratik we giň bäsdeşlik esasynda ýurdumyzyň Prezident saýlawlary ýokary derejede geçirildi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň we türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan hakyky halk häkim­ýetlilik ýörelgelerini berkitmegiň ýolunda uly ädim boldy.

3 ýyl ozal
HÄZIRKI ZAMAN TÜRKMEN KERWENSARAÝALARY MYHMANSÖÝERLIGIMIZIŇ NUSGASY

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny dünýä derejesinde ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde bu günki gün Diýarymyz dünýä syýahatçylygynyň ýyldyzyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gaýtadan dikeldilen Beýik Ýüpek ýoly halkymyzyň myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly milli däplerini dünýä ýaýmagynda, halklaryň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň pugtalanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.

3 ýyl ozal
TUTUMLARY ULY, ÝOLLARY AMAN, DÜNÝÄ NURUNY SAÇÝAR BAGTYÝAR ZAMAN

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasaty «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem rowaçlyklara beslenýär. Her bir işde halkyň bähbidini ähli zatdan öňde goýýan hormatly Prezidentimiziň öňden görüjiligi bilen ýurduň ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

162207c9d7b06e.jpeg
3 ýyl ozal
8-bitly baýt bilen ýylyň 256-njy gününi näme baglanyşdyrýar?

Programmistler güni – bu ýylyň 256-njy güni bellenilýän baýramçylyk. 8-bit baýtyň üsti bilen jemi 256 sany dürli manyny aňladyp bolýandygy sebäpli bu san baýramçylyk güni üçin saýlanyldy. Şeýle-de ol 2-lik sanynyň iň ýokary bitewilik derejesi bolup, ol bir ýylyň dowamyndaky günleriň sanyndan köp däl (365 ýa-da 366). 

161fd6a1d0323c.jpeg
3 ýyl ozal
TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT

Ýakynda Lebap welaýat Adalat bölüminiň, Lebap welaýat prokuraturasynyň hem-de Türkmenabat halkara howa menziliniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň bilelikde geçiren “Halkyň Arkadagly zamanasynda hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagy” atly wagyz-nesihat maslahaty uly dabara beslendi. Maslahata gündogar sebitiň öňdebaryjy prokuratura işgärleri, hukukçylary, döwlet notariuslary we awiasiýa işgärleri gatnaşdylar.

3 ýyl ozal
Körpe nesiller barada alada

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamy yzygiderli ösüşlere eýe bolýar. Orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň täze binalary gurlup, häzirki zaman tehnologiýalary bilen düýpli enjamlaşdyrylyp ulanylmaga berilýär.

3 ýyl ozal
Milli bilim ösüş ýolunda

Mähriban Arkadagymyzyň badalga beren ajaýyp zamany – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri milli bilim ulgamynyň dünýä derejeli ösüşler ýoluna düşen zamany boldy. Ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryň bäş ýyla, aýratyn ugurlar boýunça alty ýyla ýetirilmegi, şeýle-de umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwlaryň möhletiniň 12 ýyla ýetirilmegi ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän milli hünärmenleri ýetişdirmäge tarap ädilen aýgytly ädimler boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.