Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Sport — parahatçylygyň nyşany
31-nji awgustda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.
ÄHLIHALK IŞINE GOŞANT
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen biraýlyk geçirmek indi asylly, döwrebap däpleriň birine öwrüldi
PAÝHASA ÝUGRULAN AJAÝYP KITAP
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ugurlarda uly özgertmeler bolup geçýär. Täze taryhy döwrümizdäki düýpli özgertmeler türkmen jemgyýetini täze belentliklere alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyza belent sarpa
Asuda döwletde, abadan durmuşda bagtyýarlyga, ösüş-özgerişlere, şanly senelere, toý-baýramlara baý bolan her bir ýylymyz taryhy wakalara beslenýär. Agzybirlikden döwlet tapan, Garaşsyzlygyny gazanyp, baky Bitaraplygy ykrar edilip, durmuşy bagtyýarlyga ýugrulan halkymyzda geljek, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak barada öňe sürlen teklip agzybir halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy.
BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR ARKADAGLY ZAMANA
Bu günki gün ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz — Gahryman Arkadagynyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Ösüşleriň aýdyň ýolundan ýöräp, belent maksatlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha belende galýan halkara abraýyny, gazanýan uly üstünliklerini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.
BITARAPLYK – KALBYMYZYŇ BUÝSANJY
Gözelligiň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişligi özgerdiji güýjüne akyl ýetirmegiň çägi ýok. Gözellik şahyrlara ylham, bagşydyr aýdymçylara täze owaz, daýhana halal zähmetinden beslenen ekinzarlygy döretmek, işçä hem gurmak bagtyny eçilýär. Şeýle nusgalyk gözelligiň eýesi bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Garaşsyz Diýarymyzyň her bir ynsanynda täze we ajaýyp garaýşy döredendigine diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä halklary-da guwanýar.
«ÝOLA GERIM GEREK, ÝIGIDE – DOST»
Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Dostluk asylly häsiýetleriň jemidir» diýip jaýdar belleýär. (sah-167). Eziz Arkadagymyzyň dostluk hakdaky taglymatyndan ugur alnyp, gürrüň açjak şu wakalarymyz hem ata-babalarymyza mahsus bolan dost-doganlyk hakynda, mähriban okyjy.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen
Halkymyzyň geçmiş edebiýatynda görnükli yz goýan şahsyýetleriniň hatarynda Mäne Baba ady bilen tanalan Abu Sagyt Abulhaýyryň ady hormat bilen ýatlanýar. Abu Sagyt Abulhaýyr 967-nji ý ylda Kaka etrabynyň Mäne obasynda her dürli müşk-anbarlary, atyrlary, däri-dermanlary ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dogulýar. Kakasy myhmansöýer, sahawatly adam bolansoň Abu Sagyt ýaşlygyndan kakasynyň gaşynda terbiýelenip, ýagşyzadalaryň, ylym-bilimden sowatly kişileriň söhbetlerini diňleýär.
BITARAPLYK — MILLI BUÝSANJYMYZ
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy — diňe bir giň möçberli milli maksatnamalaryň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin däl, eýsem, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, ähli döwletler we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Nusgalyk işler amala aşyrylýar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ylym we bilim ulgamlarynyň ýokary depginler bilen ösdürilmeginde, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklarynda, ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň hiliniň has-da ýokarlanmagynda, mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda asylly başlangyçlar durmuşa geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.