Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan

HIMIÝA PUDAGY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirýän beýik işler gülläp ösýän Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny günsaýyn berkidýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynda başy başlanan giň göwrümli taslamalar halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkymyza ýokary hilli önümleri hödürlemäge uly mümkinçilik döredýär.

D witamini näme üçin beýle möhüm?
D witamini bedende möhüm esasy orny eýeleýär: bu diňe bir witamin däl, eýsem adam bedeniniň köp funksiýalary bilen gönüden-göni baglanyşykly gormondyr. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň 50 göteriminden gowragy D witamini ýetmezçiliginden ejir çekýär. Garrylaryň arasynda bu görkeziji 80-90 göterime ýetýär. Hünärmenleriň bir topary D witamini ýetmezçiligini XXI asyryň täze metabolik pandemiýasy diýip atlandyrýar.

Saglyk - ruhy gymmatlyk
Jemgiýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän ,,Watan diňe halky bilen döwletdir’’ ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar.

KITAP – PAÝHAS UMMANY
Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: «Kitap dünýäni açýar.

Suw - bol hasylyň girewi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkynyň her bir güni toýdyr-baýramlara, şanly wakalara beslenýär.

DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZ — MILLI BUÝSANJYMYZ
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygyna bolan buýsanç duýgulary ýurdumyzyň her bir raýatyny agzybirlikde ýaşamaga, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, mukaddes Watanymyzyň geljegi üçin halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen köpugurly ägirt uly özgertmeler Garaşsyzlyga aýratyn öwüşgin berýär.

GARAŞSYZ WATANYM, BAGTYÝAR HALKYM
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gysga döwrüň içinde ösen döwletleriň hataryna deňleşdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň göwün islegi sözüň doly manysynda hasyl boldy. Bu gün Garaşsyz Türkmenistany görmäge göz gerek. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda ak bugdaýy, halysy, saz gurallary, şaý-sepleri ýaly milli gymmatlyklary bilen bütin adamzady haýrana goýup gelýär.

At – türkmeniň ganaty
Ata-babalarymyzyň bedew atlara bolan söýgüsini, yhlasyny hiç zat bilen ölçemek mümkin däl. Dana pederlerimiz bedew atlar barada “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” , “Bedewli gapa bela gelmez”, “At rysgaly alnynda” , “At toýnagyna at çydar” , “At ýigidiň diregi, haly – gyzyň ýüregi”, “At kişňeşip tanyşar, adam sözleşip”, “At agynan ýerde toý bolar” ýaly dana dürdäneleri döredipdirler.

Berkarar döwletimizde giň möçberli pudaklaýyn maslahat hem-de sergi geçirilýär
2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär. Ýokary derejede guralan bu halkara maslahatyň we serginiň ähmiýeti sebitde ulag üpjünçilik ulgamlarynyň berk binýadynyň döredilmegine giňden mümkinçilik döredýär.

Häzirki zaman logistika ulgamy
Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.