Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
SANLY BILIM ULGAMY GIŇ MÜMKINÇILIKLERI AÇÝAR
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçingiň mümkinçilikler döredilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly.
OKGUNLY ÖSÜŞI NAZARLAÝAN SANLY BILIM ULGAMY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetiň, saýlap alan hünärine ussat hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Biziň ýurdumyzda halkyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply, ony barha çylşyrymlaşýan dünýäde öz yzyna düşürip, öňe alyp gitjek ýokary hünärli işgärler örän zerur”.
BUÝAN – GYMMATLY DERMANLYK ÖSÜMLIGI
Hakyň nazary düşen türkmen topragy tebigy baýlyklara diýseň baý. Şol baýlyklaryň biri-de, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eserinde belleýşi ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligidir.
«Hakyda göwheri» ― milli mirasa sarpa
Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagy bütin halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Täze kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär.
Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady
Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ekologiýa abadançylygy – sagdyn durmuşyň kepili
Ekologiýa abadançylygy-durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär.Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsyzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramakgy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar.
KITAP – PAÝHAS UMMANY
Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: «Kitap dünýäni açýar.
WELOSIPED SPORTY — SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ NUSGASY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýeligi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýänligi, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýanlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Şu nukdaýnazardan watandaşlarymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýelär.
WELOSIPED SPORTY – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk köpçüliginiň ünsüni sagdyn durmuş ýörelgesine giňden gönükdirilip, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Soňky ýyllarda ata Watanymyz Türkmenistan milli we halkara sportunyň, hususan-da, welosiped sportuň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýan ýurda öwrüldi.
PARAHATÇYLYK HEM-DE YNANYŞMAK - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.